Gyrgyzystan eýranly işewürleri maýa goýmaga çagyrdy

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow öz ýurduna sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi. Bu barada Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Duşuşygyň barşynda syýasy, söwda, ykdysady, medeni, ynsanperwer we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek barada pikir alşyldy.

Sadyr Japarow iki ýurduň arasyndaky syýasy diýalogyň ýokary derejesini belläp, Eýran bilen söwda we ykdysady gatnaşyklary, şol sanda maýa goýum pudagyndaky gatnaşyklary berkitmäge gyzyklanma bildirdi.

– Gyrgyz Respublikasynyň ykdysadyýetine maýa goýmaga isleg bildirýän Eýranyň kiçi we orta telekeçilerine gapymyz hemişe açykdyr. Häzirki wagtda biz daşary ýurtly maýadarlar üçin amatly gurşawy döretmek üçin uly tagalla edýäris. Mundan beýläk maýadarlara bolan gatnaşyk üýpgöter özgerdiler – diýip, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti belläp geçdi.

Sadyr Japarow Eýranyň ýolbaşçylaryna Oş şäherinde sport merkeziniň gurluşygyny maliýeleşdirmegi we pandemiýa döwründe ynsanperwer kömegini berendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Okap bilersiňiz  Türkmen izogamy dünýä bazaryna çykýar

Eýranyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy öz gezeginde Gyrgyzystan bilen hyzmatdaşlyk etmäge hemişe taýýardyklaryny belledi.

Ýol we üstaşyr mümkinçilikler babatynda özara gatnaşyklary iň möhüm ugurlaryň hatarynda görkezen Jawad Zarif, Gyrgyzystanyň ýolbaşçylarynyň ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna, hususan-da oba hojalygy, derman önümçiligi, gidroenergetika we ýol gurluşygy ýaly ugurlara maýa goýmaga eýran maýadarlaryny çekmek babatdaky gyzyklanmasyna ýokary baha berdi.

Zarif Eýranyň ýolbaşçy düzüminiň adyndan Sadyr Japarowy Eýrana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen gepleşiklerde-de Eýranyň işewür toparlarynyň wekillerini oba hojalygy, derman önümçiligi, gaýtadan işleýän senagaty we energetika pudagyny ösdürmek babatdaky maksatnamalara maýa goýmaga has işjeň gatnaşmagyna gyzyklanma bildirilýändigi mälim edildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifiň Merkezi Aziýa saparynyň çäklerinde Özbegistanda hem-de Gyrgyzystanda sapar boldy we ol Gazagystanda we Türkmenistanda saparda bolar.

Özbegistan bilen Eýran ulag hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär