Özbegistan bilen Eýran ulag hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifiň Merkezi Aziýa saparyna başlandygy mälim edildi. Ol Merkezi Aziýa ýurtlaryna amala aşyrýan saparynyň ilkinji gününde Özbegistanda saparda boldy. Bu ýerde ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan kabul edildi hem-de özbek kärdeşi Abdulaziz Karimow bilen duşuşdy. Bu barada hem özbek hem-de eýran metbugaty habar berýär.

Geçirilen duşuşyklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, hususan-da, söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda ykdysady hyzmatdaşlyk, söwda gatnaşyklaryny ösdürmek we täze hyzmatdaşlyk taslamalaryny öňe sürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Ulag we aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, şol sanda Eýranyň deňiz portlarynyň netijeli ulanylmagy we Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman ulag geçelgesiniň ösdürilmeginiň ähmiýeti bellendi.

Okap bilersiňiz  ÝHHG-niň başlygynyň Merkezi Aziýa sapary

Şeýle hem Özbegistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhümdigini we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny belläp, bilelikdäki ykdysady hyzmatdaşlyk komissiýasynyň 14-nji duşuşygynyň gysga wagtyň içinde geçiriljekdigini aýtdy.

Mundan başga-da, Eýran bilen Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynda hem ulag-üstaşyr geçelgelerden netijeli peýdalanmak babatda pikir alşyldy. Bu duşuşykda Eýranyň Özbegistan üçin dünýä bazarlaryna we beýik deňizlere üstaşyr geçelge bolup hyzmat edip biljekdigi mälim edildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifiň Merkezi Aziýa sapary dowam edýär. Ol Gyrgyzystanda, Gazagystanda we Türkmenistanda saparda bolar.

Ösüş we parahatçylyk üçin halkara sport güni