DÜNÝÄ

Guterreş täze möhlete saýlandy

BMG-niň Baş Assambleýasy baş sekretar Antoniu Guterreş ikinji möhlete saýlady. Baş sekretaryň täze wezipe möhleti 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda başlap, 2026-njy ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlanýar. Bu barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygy Wolkan bozkyr habar berdi.

– Baş Assambleýa degişli çözgüt kabul etdi. Antoniu Guterreş ikinji möhlete saýlandy – diýip, Wolkan Bozkyr habar berdi.

Guterreş bu wezipä hödürlenen ýeke-täk dalaşgär boldy. Onuň dalaşgärligini BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi hem makullady.

Antoniu Guterreş 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda bu wezipä girişipdi. BMG-niň Baş sekretayr 5 ýyllyk möhlete saýlanýar.

Guterreş BMG-niň 9-njy baş sekretarydyr. Milletler Bileleşiginiň ilkinji baş sekretary Trýugwe Lidir. Soňra Dag Hammerşeld, U Tan, Kurt Waldhaým, Hawýer Peres de Kuelýar, Butros Butros-Gali, Kofi Annan, Pan Gi Mun bu wezipäni eýeledi.

 

Russiýa Türkiýä uçar gatnawlaryny dikeldýär

Related posts

Beýik Hytaý diwary gaýtadan dogulýar

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy barada

“Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi