SPORT

Günorta Koreýa dünýä çempionatyna gatnaşýar

Şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda Katarda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşjak milli ýygyndylar belli bolýär. Aziýa yklymyndan Günorta Koreýa dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Şeýlelikde, Günorta Koreýanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşjak 15-nji ýygyndy boldy.

Aziýa yklymynda geçirilen saýlama tapgyryň netijeleri boýunça “A” toparçada Siriýanyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňen Günorta Koreýa dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Häzirki wagtda ýer eýeleri Katar bilen bir hatarda Germaniýa, Daniýam Braziliýa, Fransiýa, Belgiýa, Horwatiýa, Ispaniýa, Serbiýa, Angliýa, Şweýsariýa, Niderlandlar, Argentina we Eýran dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanan milli ýygyndylar bolup duýar.

Ilkinji gezek gyş aýynda geçiriljek dünýä çempionatyna 21-nji noýabr-18-nji dekabr aralygynda 32 milli ýygynda gatnaşar.

Dünýä çempionatynyň finaly 2022-nji ýylyň 18-nji dekabrynda geçiriler. Final duşuşygy 80 müň orunlyk Lusail stadionynda geçiriler. 17-nji dekabrda bolsa, Halifa halkara stadionynda üçünji orun üçin duşuşyk guralar.

 

Käbir koronawirus çäklendirmeleri ýatyryldy

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy