SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Käbir koronawirus çäklendirmeleri ýatyryldy

Fransiýada koronawirus ýokanjy sebäpli 2021-nji ýylyň ahyrynda we 2022-nji ýylyň başynda girizilen birnäçe sanitar çäklendirmeler 2-nji fewraldan ýatyrylýar. Bu barada ýurduň hökümeti degişli meýilnama esasynda işler alnyp barylýar.

Açyk asmanda jemgyýetçilik ýerlerinde, şeýle hem bilim edaralarynda, bazarlarda we nobatlarda lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakynmak babatdaky hökmany talap aradan aýrylýar.

Pariž şäherinde bolsa, polisiýanyň soňky buýrugyna laýyklykda, howpsuz aralygy saklap bolmaýan ýerlerde örtük dakynmak maslahat berilýär.

Şeýle hem uzakdan iş tertibini amala aşyrýan kompaniýalara hem bu tertibi ýatyryp biljekdigi mälim edildi. Zähmet ministrligi iş berijilere käbir işgärleriniň entek hem öýünden işlerini alyp barmagy maslahat berýär.

Oturylýan ýerleri bolan medeni edaralar we sport desgalary üçin tomaşaçylaryň sanyny çäklendirmek babatdaky talap hem aýrylýar. Ýöne, konsert zallary we güýmenje merkezleri 16-njy fewrala çenli ýapyk bolar.

Fransiýa pandemiýanyň 5-nji tolkunyny başdan geçirýär. Soňky günlerde bu wirus bilen keselleýänleriň sany azalýar.

1-nji fewraldaky maglumata görä, 52,7 million ilat doly sanjym aldy we 35,7 million fransiýaly waksinanyň buster dozasyny aldy.

 

Dünýäniň iň garry pyşbagasy

Ýene-de okaň

Çagalaryň saglygy — döwletiň gymmatly baýlygy

Aşgabat-London ugurlaryna petekler onlaýn satuwa çykarylýar

Aşgabatdan Kuala Lumpura hepdede iki gatnaw ýola goýuldy

Aşgabat-London-Aşgabat gatnawy hepdede iki gezege çykaryldy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň iň iri dag-lyža şypahanasy gurlar

«Turkish Airlines» awiakompaniýasyň awiapetekleri bronlamagyň mümkinçiliklerini artdyrýar