SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Günden goranmak möhümdir!

Şu günler howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär. Şonuň üçin hem lukmanlar jöwzaly tomusda şu aşakdaky kadalary hökman berjaý etmegi maslahat berýärler. Bu barada “Türkmenistan gazetinde bellenilip geçildi. 

–       Yssy howada ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen, açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli.

–       Günden goranmak üçin kelläňize ýeňiljek başgap geýiň, ýaglyk atynyň ýa-da saýawan göteriň!

–       Zerurlyk ýüze çykmasa, Gün şöhlesiniň ýiti düşýän wagtlarynda, ýagny 11:00-dan 17:00-a çenli daşaryk çykmaly däl.

–       Günden goraýjy äýnekleri dakynmak hem peýdalydyr.

–       Tomsuň yssy howasynda açyk meýdanlara gezelenç etmek maslahat berilmeýär.

–       Howanyň aşa gyzmagy bilen adamyň derläp, bedeninden köp mukdarda suwuklygyň bölünip çykmagy diňe bir bedeniň deňagramlylygyny bozman, eýsem, ganyň goýulaşmagyna getirýär. Şonuň üçin hem yssy howada günüň dowamynda 2,5-3 litre golaý arassa agyz suwuny içmeli.

–       Gazlandyrylan içgilerden, agyr, ýagly naharlary iýmekden ýüz öwrüň!

–       Tomsuň jöwzaly yssy günlerinde, esasanam, gartaşan adamlar we 2 ýaşa çenli çagalar bilen daşary çykylanda seresap bolmaly.

–       Yssy howadan öýe girilende, gyzyp gelip sowuk suwa düşmek, sowadyjynyň öňünde durmak, buz ýaly sowuk içgileri içmek düýbünden ýaramsyzdyr.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we

derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi

 

Dünýäniň iň garry kosmos syýahatçysy

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkiýede hasyl möwsüminde zeýtun baýramy

Türkiýäniň ýüze çykarylan taryhy gymmatlyklary

Ata Watan Eserleri

Balkanda we Lebapda 150 orunlyk, Maryda 200 orunlyk onkologiýa hassahanasy gurlar

Özbegistanda syýahatçylygyň täze görnüşleri ornaşdyrylar