JEMGYÝET

Gülgüne Aýy gördüňizmi?  

Ömrüňizde, iň bolmanda ýekeje gezek, gülgüne reňkli Aýy synlapmydyňyz? Synlan bolsaňyz, şeýle mümkinçilik ýakyn günlerde ýene-de garaşýar. Synlamadyk bolsaňyz, onda 26-njy aprel gijesini deňiňizden biparh geçirmäň! Şol gije Aý gülgüne reňke boýalar.

Eýsem, Aý nädip gülgüne reňke bürenýär? Astrologlaryň düşündirmegine görä, şol gije Aý Gün bilen Ýeriň arasyndan uzaklaşýar. Tersine, Ýer Aý bilen Günüň arasyna girýär. Şeýlelikde, Günüň Ýerden serpigen şöhleleri Aýa düşende, gülgüne görnüş emele gelýär. Özi hem şol gije Aý doly görner.

Şol gije siz ýylyň iň ýagty we iň uly tegelek Aýyny görersiňiz. Şeýle tebigy hadysa geçen ýylyň maý aýyndan bäri bolmandy. Şu ýyl bu hadysa 26-njy aprelde we göni bir aý soň, 26-njy maýda bolar.

Şol gijeki Aý adaty ululygyndan 7 göterim uly, adaty ýagtylygyndan bolsa 15 göterim ýagty görner.

 

Messi ahyrsoňy begendi: Ispaniýanyň Şa kubogyny eýeledi

 

 

Ýene-de okaň

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň resmi web saýty işe girizildi

Tramp Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

Ata Watan Eserleri

Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi

Roseniýor «Çelsiniň» baş tälimçisi boldy

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Las-Wegasda “CES 2026” başlady: “Atavatan Media” 30-dan gowrak ýörite söhbetdeşlik geçirdi

Ata Watan Eserleri