TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

“Gremmi” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

63-nji “Gremmi” baýragy ABŞ-nyň Los-Anjeles, Nýu-Ýork we Neşwil şäherlerinde onlaýn ýagdaýda geçirildi. Bu ýaryşda aýdymçy Beýonse 9 kategoriýada, Teýlor Swift, Roddi Riç we Dua Lipa ýaly aýdymçylar bolsa 6 kategoriýalarda dalaşgärlik görkezildi. Aýdymçy H.E.R ýerine ýetirmeginde  “I Can’t Breathe” aýdymy ýylyň iň gowy aýdymy diýip hasaplanyldy. Umumy bu kategoriýa 8 aýdym dalaşgärlik görkezildi. Amerikaly rep aýdymçysy Megan Thee Stallion iň gowy täze aýdymçy we iň gowy rep çykyşy üçin “Gremmi” baýragyna eýe boldy. Beýonsiniň we Jeý-Z-iň dokuz ýaşly gyzy Blýu Aýwi iň gowy aýdym-saz wideosy ugrunda ýeňiji boldy.

“Gremmi” baýragyna mynasyp bolan ýeňijiler:

Iň gowy ikileýin ýa-da toparlaýyn çykyş pop aýdymy – “Rain on Me” – Lady Gaga we Ariana Grand

Iň gowy rok aýdymy – “Shameika” – Fiona Eppl

Iň gowy R&B albomy – “Bigger Love” – Jon Lenjend

Iň gowy R&B aýdymy – “Black Parade” – Beýonse

Iň gowy latyn pop albomy – “YHLQMDLG” – Bad Bunny

Iň gowy tans / elektron albomy – “Bubba” – Kaytranada

Iň oňat tans ýazgysy – “10%” – Kaytranada we Kali Uçis

“Grammy” baýragy aslynda 31-nji ýanwarda geçirmelidi, emma pandemiýa sebäpli 15-nji martda geçirildi.

 

Türkmenistanyň we ABŞ-nyň muzeý işgärleri tejribelerini paýlaşdylar

 

 

 

Ýene-de okaň

Çeper höwesjeň kollektiwlerine «Halk» ady berler

Türkmen dessanlary azerbaýjan dilinde

­­­Ýurdumyzyň teatrlarynyň hepdelik repertuarlary: 3-5-nji fewral aralygy

Teswirle