MEDENIÝET

Türkmenistanyň we ABŞ-nyň muzeý işgärleri tejribelerini paýlaşdylar

9 — 12-nji mart aralygynda ýurdumyzyň muzeýleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Ony Türkmenistanyň Daşary işler, Medeniýet ministrlikleri we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilçihanasy bilelikde gurady. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Maslahata ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimou, Amerikanyň bilermenleri Smitson institutynyň Amerikanyň taryhynyň Milli muzeýiniň direktory jenap Brent D. Glass we «Galladher & Associates» guramasynyň ýolbaşçysy jenap Patrik Gallaher dagy hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, welaýatlaryň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Wideoaragatnaşyk arkaly guralan maslahatyň maksady muzeýleriň öz-özüni maliýeleşdirmek, muzeý işini sanly ulgama geçirmek hem-de halkara sergileri guramak ýaly ugurlar boýunça tejribe alyşmakdan ybarat boldy.

Üç gün dowam eden maslahatda muzeýleri dolandyrmak, ýolbaşçy işgärleri seçip almak, olaryň hünärini ýokarlandyrmak, maliýe serişdelerini çekmekde möhletleýin meýilnama düzmek, muzeýleri sanly ulgama geçirmek, muzeý gymmatlyklarynyň maglumat goruny döretmek, şeýle-de wirtual muzeýleri döretmek boýunça pikir alşyldy.

Döwlet muzeýi eýýäm birnäçe ýyldan bäri muzeý gymmatlyklary barada maglumat berýän ilkinji pasportlary elektron görnüşe geçirmek işlerini alyp barýar. Pasportlaryň elektronlaşdyrylmagy, ýagny her bir gymmatlyk barada bar bolan ähli maglumatyň fotosuraty bilen bilelikde kompýutere girizilmegi gymmatlyklaryň elektron katalogyny döretmekde, şeýle hem muzeýleri sanly ulgama geçirmekde örän ähmiýetlidir.

Häzirki wagtda Döwlet muzeýiniň «museum.gov.tm», «virtualmuseum.gov.tm» salgyly internet saýtlary hereket edýär. «museum.gov.tm» internet sahypasynda «Muzeýleriň taryhy», «Kolleksiýa», «Wirtual ekskursiýa», «Muzeýiň şahamçalary», «Gelýänler üçin maglumat», «Täzelikler we wakalar», «Sergiler», «Ylym we neşir işleri» ýaly bölümlerde gyzykly maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik bar.

Geçen ýyl Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldaw bermeginde Döwlet muzeýiniň sergi bölümleriniň wirtual ekskursiýasy döredildi. Ol «virtualmuseum.gov.tm» saýtynda ýerleşdirildi. Bu bolsa Döwlet muzeýiniň ekspozisiýasyna wirtual syýahat etmäge mümkinçilik berýär. Ulanyjy öz islegi boýunça «Marguş», «Tebigat», «Haly», «Irki orta asyr», «Etnografiýa», «Gadymy döwür» (Arheologiýa), «Parfiýa» zallaryna wirtual syýahat edip bilýär.

Onlaýn maslahatyň dowamynda halkara sergileri guramak meselelerine hem garaldy. Häzirki döwürde muzeýler diňe bir milli mirasymyzyň saklanylýan ýeri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, olar halkara medeni alyş-çalyşlary ýola goýmak üçin hem oňaýly merkez bolup durýar. Şonuň üçin-de bu ugurda dünýä döwletleri bilen işjeň aragatnaşygy ýola goýmak örän ähmiýetli hasaplanýar.

 
https://www.atavatan-turkmenistan.com/serdar-nebit-onumleri-karhanasy-ulaglara-dowrebap-hyzmat/

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Döwlet sirki sirk oýunlaryny görmäge çagyrýar

Teýlor Swift britan ykdysadyýetine 1.2 milliard dollar gazandyrar

Ata Watan Eserleri

“Daragt” filmi Çeboksar halkara kinofestiwalyň bäsleşik maksatnamasyna goşuldy

Daşoguz welaýat kitaphanasynda amerikan-türkmen kitap ýarmarkasy geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet sirki «Ganatly bedewler» atly sirk oýunlaryny görmäge çagyrýar

Gerkez obasynda medeni-köpçülikleýin çäreler geçirildi