Gözel Çommyýewa bilen söhbetdeşlik

         Şu günlerde ýurdumyzyň ähli künjeginde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly şatlyk-şowhun bilen bellenip geçilýär. Biz hem bu baýramçylyk mynasybetli teatr ulgamyndan söz açyp, Alp Arslan adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti Türkmenistanyň at gazanan artisti Gözel ÇOMMYÝEWA bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty üçin söhbetdeş bolduk.

-Söhbetdeşligimiziň başyny siziň ilkinji teatra gelen ýatlamalaryňyz bilen başlaýsak…

Men oba gyzy bolamsoň, teatra gelip, ol ýerde işläýin, belli-belli artistler bilen bilelikde sahnada spektaklda oýnaryn, meşhur artistlerden biri bolaryn diýip arzuw etsemem umyt etmändim. Ejem bilen kakam oba adamlarydy (kakam daýhan bolup, ejemem çagalar bagynda eneke bolup işleýärdi). Ýöne kakamyň agasy obada baş hasapçy bolup işleýärdi. Biziň oba gelen artistler şolaryň öýünde nahar iýerdiler. Şol artistler şolara nahar iýmäge gelende gapynyň öňünde durup, şolaryň nahar iýişlerine, özlerini alyp baryşlaryny synlaýardym. Ejemiňem, kakamyňam şeýle bir owadan sesleri bardy. Meniň sungada bolan söýgim ejemiň we kakamyň sungada goýýan hormatyndan alyp gaýdýar diýip oýlaýaryn. Kakam teleýaýlymda, radioda aýdym aýdýan ähli bagşylary tanap, olaryň haýsy ýoldan aýdym aýdýandyklaryny bilýärdi. Meniň özümden uly aýal doganymam aýdym aýdýardy. Ol aýdym aýdanda kakam onuň kemçiliklerini aýdyp, oňa düzedişleri bererdi. Umuman, biziň maşgalamyzda sungada bolan ýykgynlyk bolansoň, mende-de sungada, medeniýete höwes döredi. Men ýaşlykdan aýdym aýtmagy, köpçülik ýerlerinde goşgy okamagy halaýardym, çeper edebiýaty gowy görýärdim. Biziň öýümizde kitap okamak jedelli ýagdaýda bolýardy. Biz dükandan, kitaphanadan täze çykan kitaby alyp öýe gelenimizde ejem bize şol kitaby okamaga maý bermeýärdi. Bizem täze alan kitabymyzy okamaga howlugyp, ejemiň buýran ähli işlerini derrew ýerine ýetirip, öýe gelenimizde ejemiň biziň getiren şol kitabymyzy okap oturanyny görýärdik. Men 4-nji synpda okaýan ýylymda “Görogly” şadessanynyň ikinji gezek neşiri çykdy. Ejemem şol neşiri bazara gidende satyn alyp geldi. Bizem agşam ähli işlerimizi bolanymyzdan soň ejem bilen kakama şol kitaby okap berýärdik. Ýöne näme üçindir şadessany maňa köp okadýardylar. Men olaryň bu eden aladalarynyň sebäbine indi düşünýärin. Olar ýönekeý oba adamlary bolsa-da, sungada, medeniýete örän uly hormat goýup, kitaby köp okaýardylar. Meniňem ýaşlykdan şolaryň bu endiklerini görüp ulalamsoň mende hem medeniýet ulgamyndan gitmäge uly höwes döredi.

Şu ýerde bir zady bellemek isleýärin. Medeniýet adamsy hemişe kitap okamaly. Çünki sen kitap okamasaň nädip seniň içiň pikirden dolsun?! Eger sende pikir döremese sahna keşp döretmek mümkin däl diýip oýlaýaryn. Meniňem sungada gelmegimiň özeni ejem bilen kakamyň maňa beren edep-terbiýesi diýip pikir edýärin.

-Siz teatra geleniňizde kimlere şägirt bolduňyz? Işe başlan ýyllaryňyzda size öz maslahatlaryny beren halypalaryňyz barada durup geçäýseňiz.

Men okuwa girjekdigimi enem-atama aýdanymda Daşoguz şäherindäki Magtymguly Garlyýew adyndaky sazçylyk mekdebine okuwa ugratdylar. Okuwa giriş synaglaryny üstünlikli geçip, okuwa girdim. Sazçylyk mekdebini gutaryp, Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherindäki teatral çeperçilik institutyna okuwa gitdim. Ol okuwy gutaranymyzdan soň iş tejribämi Lebap welaýatyndaky Seýitnazar Seýdi adyndaky milli sazly drama teatrynda geçmeli boldum. Ol ýerde 2 ýyl işlän döwrümde Öwlüýäguly Hojagulyýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Kadyr Atabaýew, Rozymyrat Jumaýew, Akja Suwhanowa ýaly uly artistler bilen bile işledim. Ondan soň 1993-nji ýylda Aman Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatryna işe girdim. Ol ýerde Baýram Seýdyllaýewiň režissýorlygynda goýlan oýunlarda baş keşpleri ýerine ýetirdim. Teatrda Öwez Gelenow, Ogultäç Hanyýewa, Aman Geldiýew, Döwlet Hanmämmedow, Handurdy Berdiýew ýaly belli artistler bilen spektaklda oýnamak bagty maňa nesip etdi. Olar käte maňa käýediler, käte-de söýdüler. Şeýdibem işler ýöredi gitdi. Ýöne sungatda bir zat bar, sungatda, ine, şu meniň halypam diýip bir adama ýapyşmak bolanok. Men Alty Garlyýewi görüp ýetişmesemem, onuň türkmen kino sungatynda döreden keşplerine, işlerine belet. Maýa Kulyýewa bilen görüşmek nesip etdi ýöne, sahnada oýnamak nesip etmedi. Biziň Maýa Kulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa, Sabyr Ataýewa, Sona Myradowa, Hommat Müllikow, Ata Döwletow ýaly ägirtlerimiz bar, ine, şularyň ählisi meniň üçin halypa bolup durýar. Şolaryň içinde meniň işleşenlerimem, işleşmediklerimem, görmek bagty miýesser edenlerem, etmediklerem bar, ýöne, türkmen sungatynyň düýbüni tutan artistleri men özüme halypa hasaplaýaryn. Sebäbi şolaryň sungadyny görmezden, şolaryň sungadyna guwanmazdan artist bolmaklyk mümkin däl. Häzirki döwürde-de başga teatrlarda işleýän halypalar bar. Men hemişe-de şolaryň öňünde baş egýärin. Gahryman Arkadagymyz ähli ugurdan bolşy ýaly, özüniň ajaýyp owazy, döreden aýdym-sazlary bilen medeniýet, sungat ulgamynda hem bizi haýran galdyrmaga dowam edýär. hormatly Prezidentimiz döwlet işlerinden boş wagtlary aýdym-saz döretmäge wagt tapýar. Onuň döreden aýdym-sazlary beýlekileriňkä meňzänok. Şonuň üçin hormatly Arkadagymyz hem biziň halypamyz. Bu zatlaryň ählisini öz aňyňda jemläp pikirlenip, şolara sen guwanmasaň sen nädip keşp döretjek, nädip artist bolup biljek?!

-Siziň teatrda işe başlan ýyllaryňyzda teatra nähili üns berilýärdi, häzir nähili üns berilýär?

Biz ozal köne teatrlarda işledik. Aman Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatry kiçijik teatrdy. Ol ýerdäki sahna kiçidi. Ol döwürdäki binalar häzirki ýaly kaşaň däldi. şol döwür bilen häzirki döwrüň arasynda şeýlä tapawutlar bar. Garaşsyzlyk zamanasynda birbada 9 sany teatryň gurulmaklygy, olaryň döwlet tarapyndan ähli zerur zatlar bilen edilmekleri häzirki döwürde teatra nähili derejede möhüm üns berilýändigini görkezýär. Biz ilkibaşda işe giren döwrümizde iş saparlarynda kän bolýardyk. Şonda baran ýerlerimizdäki medeniýet öýlerinde işlemek üçin mümkinçilikler gaty azdy. Köp ýerlere baryp bolanokdy, baryp bolaýanda-da ol ýerlerde çykyş etme mümkinçiligi gaty pesdi. Häzirki döwürde her obada gurulýan her bir medeniýet öýlerinde işlemäge ähli mümkinçilikler döredilip berlen. Şeýle mümkinçilikler döredilip berlensoň sende işlemäge höwesem artýar. Şunuň ýaly mümkinçilikler döredilendigi üçin seniň döreden işleriňem şoňa laýyk bolmaly.

-Siz şu wagta çenli birine meňzemek islediňizmi?

Ýok. Hiç kim hiç wagt birine meňzemeýär, meňzäp bolmaýar. Şu wagta çenli ençeme keşpleri döretsemem, mende birine meňzemek islegi mende bolmady. Men hiç wagt birine islemedim, men diňe özümi döretmek isledim. Sungatda her bir adamyň öz orny bolmaly. Birine meňzejek bolmaklyk – bu gaýtalanmaklyk bolýar. Sungatda birini gaýtalamaly däl, sungatda hemişe özüň bolmaly.

-Söhbetdeşligimiziň şu ýerinde siziň ilkinji janlandyran keşbiňiz barada durup geçäýseňiz…

Meniň janlandyran ilkinji keşbim Daşkentdäki teatral çeperçilik institutynda okaýarkam biziň diplom işimiz boldy. Şonda dünýä belli dramaturg Žan Batist Molýeriň “Zor aýakdan tebip bolan” spektaklynda enekäniň keşbi. Biziň şol oýnan oýnumyz institutda geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolup, Moskwada geçirilýän teatr festiwalyna hödürlenildi. Şonda biziň oýnumyza tomaşa eden Germaniýanyň teatral institutynyň professory bizi öz işleýän ýokary okuw jaýyna bir ýyllyk okuwa çagyrdy. Ýöne, kursdaşlarymyň hiç birisi ol ýere gitmäge razy bolmady. Ondan soň Çingiz Aýtmatowyň “Deňiz kenarynda gezýän ala köpek” eseri esasynda goýlan spektaklda Uzugyň keşbini, türk ýazyjysy Eziz Nesiniň eseri esasynda goýlan spektaklda ýene bir keşbi janlandyrdym. Şol janlandyran keşbim arkaly Türkmenistanda ilkinji gezek ýylyň artisti saýlandym. Meniň durmuşymda iň bagtly pursatlaryň biri şol boldy. Şondan soň meni Ýaş tomaşaçylar teatryna işe çagyrdylar. Bu ýerde “Çandunyň başdan geçirenleri” spektaklynda Çandunyň, “Aýazmama nirede sen?” spektaklynda gyzjagazyň, “Aç möjek” spektaklynda Tilkiniň, “Müneçjim” spektaklynda Umeýmanyň, “Görogly” eposy esasynda goýlan “Gyrat” spektaklynda Zulman kempiriň, Çingiz Aýtmatowyň “Ak gämi” eseri esasynda goýlan adybir spektaklynda bir zenanyň keşplerini ýerine ýetirdim. Şularyň içinde Zulman kempiriň keşbi meniň çagalykdan arzuw edip ýeten keşbimdi. Şol keşbi sahnada döretmeklik hem maňa nesip etdi.

-Siziň janlandyran keşpleriňiziň köpüsi daşary ýurtly keşpler. Şol keşpleri janlandyranyňyzda siz nähili duýgulary başdan geçirdiňiz?

Teatrda daşary ýurtly eserleriň goýulmagy diňe bir artistler üçin däl, eýsem tomaşaçylar üçinem örän gyzykly. Şol eserler sahnada goýlanda ilki bilen şol ýurduň medeniýetini, taryhyny, gürleýiş äheňini hökman bilmeli. Şolary öwrenmeseň şol eserleri talabalaýyk sahna çykaryp bilmeýärsiň. Sebäbi şol ýerde ýalňyşlyk goýbermäge seniň hakyň ýok. Ol ýerde ýalňyşlyk goýberseň diňe bir ol halka däl, eýsem özüňe hem ikilik etdigiň bolýar. Şonuň üçin başga bir milletiň eserini goýmaklyk gaty kän zähmeti talap edýär.

-Siziň pikiriňizçe, teatryň geljegi nirä barýar?

Häzirki wagtdaky ösüp gelýän ýaşlaryň haýran galdyryjy işleri bolýar. Biz biraz agrasrak bolsak, olar köpräk hereketli işleri edýärler. Köplenç, teatrda ýaşlar bilen bile oýun goýmaly bolýarys. Şonda biz olara sahnada gürlemekligi, hereket etmekligi öwredýäris. Men şonda bir zada göz ýetirýärin: meniň edýän hereketimden olaryň edýän hereketi başga. Onsoň bulara görä sahnany goýmaly bolýarsyň. Şonda öňki hereketleriň üstüne täzelerini goýmaly bolýaryn. Häzirki ýaşlara zat öwredip özümem gaty kän zady öwrenýärin. Sebäbi olaryň talap edijilikleri, tomaşaça bolan garaýşy başgaça. Şonuň üçin olaryň nazaryýeti bilen oýun goýmaly bolýarsyň. Sebäbi häzirki döwrüň çagalaram başgaça. Ýaşlar bilen işlemegem aňsat däl. Sebäbi siz täze bir dünýäni emele getirýärsiňiz. Şonuň üçin teatryň geljegi örän ýagty diýip pikir edýärin.

-Siz özüňize ynanylan keşbi özüňize “siňdirmek”, özüňize uýgunlaşdyrmak üçin näme edýärsiňiz?

Şu ýerde Zulman kempiriň keşbine ýüzlenesim gelýär. “Görogly” eposyndaky Zulman kempiriň keşbini janlandyrmak üçin hem alym, hem akylly, hem filosof, hem samsygrak, hem jadygöý, hem nurana aýal bolmaly. Ine, şu zatlary bir keşpde jemläniňde şol keşp döreýär diýip düşünýärin. Sebäbi men özüm şol keşbi janlandyranymda şeýle netijä geldim. Sebäbi haýsam bolsa bir ugur bilen keşp döredip bolanok. Başga keşpleri janlandyranyňda hem şeýle. “Syrly synag” atly spektaklda men bir türkmen enesiniň keşbini ýerine ýetirdim. Oýunda şol keşp agtygyny synap, ol söýgüsine wepalymy ýa dälmi, şony biljek bolýar. Şonda sen hem gazaply, hem mährem, hem synagçy ene bolup, ýüz öwüsmeli bolýarsyň. Şonda birnäçe häsiýetleri jemläp bir keşbi döretmeli bolýar. Şonda çeken zähmetiň ýerine düşýär. Eger bir häsiýetdäki keşp berilse, sen ol ýerde görnüp bileňok. Ençeme häsiýeti bir keşbe jemläp, oýun ýerine ýetirseň seniň keşbiň üstünlikli bolýar. Şonda sen sahnada janlanyp bilýäň. Bolmasa, sen içgysgynç bolup görünýäň.

-Durmuşda teatryň möhümligi barada siziň nähili garaýyşlaryňyz bar?

Teatra spektakl görmäge gelen adamlar söýgä, Watana wepalylygy, owadan söýgini, durmuşy görüp, durmuşa has hyjuwly bolup gitmeli. Diýmek, biz sahnada adamkärçiligi, watansöýüjiligi, durmuşyň kynçylyklaryny ýa-da ýeňilliklerini, onuň gözelligini, umuman, islendik zady sahnada görkezip, tomaşaçyny pikirlendirip bilmeli. Biz näme üçin çagalar üçin oýun goýýarys? Olaryň durmuş barada pikirlenip bilmekleri üçin oýun goýýarys. Haýwanjyklaryň üsti bilen dostluk nämedigini, aldamaklygyň ýaman häsiýetdigini, dogruçyllygyň gowydygyny, päk ýürekliligi, bir-birege kömek etmekligi çagalara öwredýäris. Olardan soň bizde ýetginjek ýaşlar üçinem oýunlarymyz bar. Biziň talyplaryň durmuşy barada birnäçe oýunlarymyz bar. Şol oýunlar arkaly biz talyplary okamaga, öwrenmäge, durmuşa höweslendirýäris. Päk söýgi, ene-ata bolan hormat-sylag ýaly häsiýetler oýunlaryň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Oýna tomaşa etmäge gelen talyp şondan özüne netije çykaryp gidýär. Ine, şu zatlar teatryň üstünligi bolýar. Teatr islendik döwürde öz döwrüniň waspçysy bolmaly. Şonuň üçinem teatr durmuşda örän möhüm zat diýip pikir edýärin.

-Teatryň at-abraýynyň artmagynda artistiň orny nähili?

Ol gelýän eserler bilen bagly. Eger güýçli dramaturg tarapyndan tarapyndan ýazylan eser sahna gelende režissýor hem keşpleri dogry paýlap bilse, onda oýnuň hem, teatryň hem ady, abraýy artar. Artist kino sungadynda, teatr sungadynda oýnan keşpleri bilen tanalýar. Şonda sen şol keşbi döredip, halkyň ýadynda şol keşp arkaly galyp bilmeli. Seniň halk arasynda döreden keşbiň arkaly tanalmagyň seniň üstünligiň nyşanydyr. Eger sen halkyň arasynda tanalmaýan bolsaň, onda sen kemçiligi özüňden gözlemeli. Artist üçin döreden keşbiň arkaly halkyň aňynda galyp bilmeklikden uly bagt ýok. Ol bagt hem her bir artiste hem ýetdirip duranok.

-Şu wagta çenli döreden keşpleriňiziň içinde özüňizi gören keşbiňiz boldumy?

Ýok. Eger sahnada men özümi janlandyrjak bolsam, onda ol men bolamok. Durmuşda-da maňa kinodaky, teatrdaky janlandyran keşbimden başgaçadygymy aýdýarlar. Şol meniň üçin iň uly bagt. Eger men sahnada özümi oýnasam, onda ol meniň keşp döretdigim bolmaýar. Men muňa şeýle düşünýärin. Eger maňa ol durmuşda hem şeýle diýseler, onda ol meniň kemçiligim bolýar. Sebäbi men sahnada keşp döretmeli. Eger men sahnada Zulman kempiri janlandyrsam ol ýerde men Zulman kempir bolmaly, ol ýerde Gözel bolmaly däl. Eger “Gözel Çommyýewanyň durmuşy” diýlip oýun goýulsa, onda ol ýerde men özümi oýnap bilerin. Eger men sahnada özüm boljak bolsam, onda maňa ynanylan keşp nirede?!

-Sahnada üstünlik gazanmagyň syry nämede?

Onuň syry ýok. Sahnada üstünlik gazanmak üçin zähmet çekmeli, köp okamaly, bilmeli. Onsoň galan zady Alynyň al meýdany görkezýär.

-Geljekde teatryň “diri” bolmagy üçin näme etmeli?

Ilki bilen, ýaş zehinleri gözläp tapmaly. Şolary teatrlara çekmegi başarmaly. Sebäbi teatryň geljekki ykbaly şolaryň elinde. Şondan soň teatr özüne geregini özi saýlap alýar.

-Söhbetdeşligimizi siziň arzuw-maksatlaryňyz bilen jemläýsek

Meniňem üýtgeşik keşpleri, taryhy spektakllarda eneleriň keşplerini döredesim gelýär. Sahnada şeýleräk keşbi döretsedim diýen arzuw hiç wagt artistden aýrylmaýan eken. Artist halky hemişe hyýalbent halk bolýar. Sen haýsy ýaşda bolsaňam şol keşbi men şeýleräk oýnardym diýip pikirlenýän wagtlaryňam bolýar. Biz hem häzirki wagtda teatrda täze taryhy spektakly goýýarys. Oňa Handurdy Berdiýew režissýorlyk edýär. Ol oýunda biz taryha ýüzlenýäris. Şol spektaklda men bir enäniň keşbini ýerine ýetirýärin. Meniň diýjek bolýan zadym sen näme keşbi janlandyrsaňam, sen şonda ýaşamaklygy başarmaly. Meniň arzuwym şol ýaşap bilmekden aýyrmasa boldy.

Pursatdan peýdalanyp, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bize howandar bolup, medeniýet, sungat ulgamlaryna uly üns berýän hormatly Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýaryn. Şeýle hem ýetip gelen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen hormatly Prezidentimizi, bütin türkmen halkyny, bu ulgamlarda zähmet çekýän kärdeşlerimi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Hünär baýramyňyz gutly bolsun!

-Biz hem size arzuwlaryňyza ýetmegiňizi tüýs ýüregimizden arzuw edýäris. Siziň hem geçen baýramyňyz gutly bolsun! Biziň bilen eden söhbetdeşligiňiz üçinem köp sag boluň!

 

         Söhbetdeşligi geçiren: Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

“Artist tomaşaçy bilen artist”

 

Aýdym bilen sahnanyň ussady

 

 

 

 

 

ÝENE-DE OKAŇ

Dünýäniň iň gurply gyzjagazy kimkä? Habaryňyz barmy? Munuň jogabyny uzak ýerden däl-de, karollyk maşgalasyndan gözlemeli. Asyl, Beýik Britaniýanyň şazadasy Uilýamyň we gersoginýa Keýt Middltonyň gyzy melike Şarlotta dünýäniň iň baý gyzjagazy eken. Ol degişli sanawda aýdymçy Beýonseniň gyzy Blu Aýwi Karteri we Kim Kardaşýanyň gyzlary Nort we Çokagony yzda galdyrdy. 6 ýaşly gyzjagazyň miras paýy 5 milliard amerika dollaryna deň. Şarlottanyň...
Ýanwar aýynyň sowuk bir gününde, Waşingtonyň metro bekedinde bir adam egilip, skripka çalmaga başlaýar. Ol adam 45 minutda dünýä belli kompozitor Bahyň eserlerinden 6-syny çalýar. Säher bilen 1100 töweregi adam menziliň hyzmatyndan peýdalanýar. Üç minut geçýär we orta ýaşly bir adam sazandanyň skripka çalýandygyny görýär. Ol haýallap, birnäçe sekunt saklanýar we soň etjek işlerinden yzda galmazlyk üçin howlugyp ýöräp...
Koronawirus (Covid-19) garşy sanjymlary işläp düzen kompaniýalar “BioNTech / Pfizer” we “Moderna” 2021-nji ýylda satuwyny takmynan iki esse artdyrar. Öňümizdäki ýyl “Covid-19” sanjym bazarynda has köp sanjym satylyp, täze çaklamalara görä, 93,2 milliard dollar girdeji gazanylar. “Financial Times” neşiriniň habaryna görä, indiki ýyl “BioNTech / Pfizer” 54,5 milliard dollar, “Moderna” 38,7 milliard dollarlyk “Covid-19” sanjymlaryny satar. “SWB” maýa goýum bankynyň maglumat analitigi...
ABŞ-nyň Milli awiasiýa we kosmos dolandyryş gullugy (NASA), Ogaýo ştatynyň Kliwlend şäherindäki Glenn gözleg merkezinde Aýda “Wi-Fi” (simsiz sebit) ulgamyny döretmek boýunça işe başlady. “NASA” kompaniýasy dünýädäki internet birikmesi meselelerini “Wi-Fi” gözlegleri bilen çözmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi. Bu iş, sebitiň ykdysady ösüş gullugy “Greater Klivlend Partnership” kompaniýasynyň “NASA” bilen habarlaşandan soň başlandy. Gözleg geçirilen Glenn gözleg merkeziniň kompas barlaghanasynyň başlygy Stiw...
Iňlis tebigatçysy we ewolýusiýa teoriýasyny esaslandyryjy Çarlz Darwine degişli mikroskop Angliýanyň London şäherinde auksiona çykar. Mikroskop 343 müňden 480 müň dollar aralygynda alyjy tapar diýlip garaşylýar. Meşhur iňlis biology we tebigy taryhçy Çarlz Darwiniň ogluna beren mikroskopy 15-nji dekabrda auksionda satuwa çykarylar. Mikroskopyň 1825-nji ýylda döredilendigi we Darwiniň döwülmän galan 6 mikroskopynyň biridigi aýdylýar. Beýleki tarapdan, Çarlz Darwin mikroskopy ogly...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
886FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar