Aýdym bilen sahnanyň ussady

         Döredijilik, medeniýet bilen meşgullanýan her bir adamyň durmuşa garaýşy, durmuşa çemeleşişi beýleki adamlardan düýpgöter tapawutlanýar. Medeniýet we döredijilik adamlary halkyň medeni aňyny baýatmakda örän ähmiýetli we möhüm işleri bitirýärler. Şol möhüm işleri bitirýän adamlara bolsa, biziň ýurdumyzda, umuman dünýäň ýüzünde uly hormat-sarpa goýulýar. Şeýle sylag-sarpaly artistleriň biri hem Türkmenistanyň at gazanan artisti Amangül MÄMMETÝAZOWAdyr. Biz taýýarlan ajaýyp gepleşikleri we ýerine ýetiren keşpleri arkaly biziň aňymyzda mydamalyk orun alan Amangülüň döredijilik dünýäsi bilen gyzyklanyp, onuň bilen söhbetdeş bolmagy maksat edindik. Biziň bu haýyşymyza ol açykgöwünlik bilen razylyk berdi. Biz hem «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty hökmünde Amangül Mämmetýazowa bilen geçiren söhbetdeşligimizi size ýetirmegi makul bildik.

-Ilki bilen söhbetdeşlik etmäge wagt aýrandygyňyz üçin size köp sag bolsun aýdýarys. Söhbetdeşligimiziň başyny siziň teatr dünýäsine gelşiňiz barada başlaýsak…

Biziň maşgalamyzda meniň ýaly artistlige höwes eden adam ýok. Ýöne, öz wagtynda kakam we doganlarym oba arasynda dutar çalyp,  aýdym aýdyp, oba arasynda tanalýan adamlar. Meniň kakam we bir sany doganym mugallym, dört aýal hem-de bir erkek doganlarym bolsa doktor bolup işleýärler. Meniň özümem aslynda doktor. Men mekdepde okaýan döwürlerimde mekdepde edebiýat agşamlary geçirilýärdi. Şonda eýýäm 4-nji synpda okaýarkam şol edebiýat agşamlarynda aýdym aýdýardym. Meniň ýaşlykdaky döwrüm bilen häzirki döwür örän tapawutly. Men ýaşlygymda şunuň ýaly ajaýyp döwürde ýaşaryn diýip hiç umyt etmeýärdim. Biziň oba Oraz Salyryň ady dakylan. Menem obada ýaşaýarkam Oraz Salyryň agtygy bilen goňşy bolup ýaşadym. Şonda Oraz Salyryň agtygy bilen goňşy bolup ýaşanymda meniň aýdyma höwesim hasam artdy. Soň 8-nji synpy gutaryp, Maryda mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine okuwa girmäge synanyşdym. Emma oňa okuwa girip bilmedim. Şondan soň söwda işine höwesim bolansoň, şol ýerdäki söwda ugrundan okadýan tehnikuma okuwa girdim. Ol ýerde 2 ýyl 8 aý okadym. Tehnikumy gutaryp oba gelenimden soň, obada biraz wagt işledim. Men Mara okuwa gitmeýärkäm obadaky mugallymçylyk mekdebinde arassaçylyk işgäri bolup işleýärdim. Ondan soň Tejen etrabyna durmuşa çykdym. Durmuşa çykanymdan soň Indira Gandi adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň Tejendäki şahamçasyna (filialyna) okuwa girdim. Soň ony gutaryp, Tejen etrap hassahanasynyň çaga dogrulýan bölüminde 7 ýyl şepagat uýasy boldum. Ondan soň Aşgabada gelip, Türkmen döwlet medeniýet institutyna gurjak artistligi hünärine okuwa girdim. Men instituta okuwa girmänkämem gurjak artisti bolup işleýärdim. Soň “Serpaý” tans toparynda aýdymçy bolup işledim. Soňra Jeren Durdyýewa ýolbaşçy döwründe gurjak teatrynda hem işledim. Ondan soň instituty tamamlap, institutda 8 ýyl mugallym boldum. 8 ýyldan soňam ýene gurjak teatryna işe geldim. Meni bu ýere meniň gurjak artistligine bolan höwesim getirdi. Adamyň ýaşlykdan arzuw edýän zadyna ymtylsa, oňa hökman ýetjekdigine ynanýaryn. Ine, hormatly Prezidentimiz maňa birnäçe ýubileý medallary, Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen ady berdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz tarapyndan jaý sowgat berildi. Bu berilýän ünsler bizi işimizi üstünlikli ýerine ýetirmäge borçlandyrýar. Türkmen döwlet gurjak teatrynda işe başlan döwrümden bäri 25-e golaý spektakl goýdum. Ol spektakllaryň köpüsinde ozal aýdym-sazly sahna goýmaýardyk. Ýöne, soňky döwürlerde aýdym-sazly sahnalaryň sany artdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýet we sungat ulgamyna uly üns berilýär, medeniýet we sungat işgärlerine döwlet derejesinde birnäçe serpaýlar ýapylýar. Bu zatlaryň ählisi bizi borçlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň özi hem bize ähli ugurdan halypa, mugallym bolup durýar.

-Ýaňy siz Türkmen döwlet institutynda 8 ýyl mugallym boldum diýdiňiz. Näme üçin siz mugallymçylyk kärini dowam etdirmediňiz?

Men hemişe sahnany küýsedim. Mugallymçylyk biziň tohumymyzda bar. Biziň maşgalamyzda bir erkek doganym we kakam hem mugallym bolup işledi. Doganym häzirem mugallym bolup işleýär. Ýöne men sahnany küýsäp, sahnada çykyş etmäge höwes etdim. şol sebäpli hem ozaldan arzuw edýän hünärim boýunça işlemegi isledim.

-Sahnada artistiň aýdym aýtmasy oňa nähili peýdalary berýär?

Aslynda, gurjak teatrynda keşp janlandyrmak başgaça. Beýleki teatrlarda artistleriň özleri sahna çykyp, dürli keşpleri ýerine ýetirýärler. Emma gurjak teatrynda bolsa, sen sahna çykaňok-da, gurjaklara jan berip, olary keşbe salýarsyň. Teatrda gurjaklary oýnadanyňda sen perdäniň arkasynda durup, olary elleriň bilen dürli oýunlary oýnadýarsyň. Şonuň üçin sen teatra gelen tomaşaçylary görmeýärsiň. Gurjak teatrda artistler gurjaga jan berýärler. Gurjagyň keşbine görä seniň sesiň gabat gelse, sen sahnada aýdymam aýtmaly, tansam etmeli, umuman, sahnada talap edilýän ähli zatlary etmeli bolýarsyň. Perdäň arkasynda artistleriň biri oýnatsa, beýleki bir artist oňa ses berýär. şonda üç-dört adam jemlenip bir keşbi janlandyrmaly bolýar. Haçan-da artist aýdym aýtmagam, tans etmegem başarsa, ähli zat aňsatlyk bilen geçilýär. Aslynda, artist köptaraply bolmaly. Şeýle mysala ýüzlenesim gelýär: ine, maşyn sürüp barýarsyň. Şonda seniň gözüň hem öňde, hem yzda, hem gapdalda bolmaly. Elmydama, bir aýagyň tormozda bolmaly. Maşyn süreniňde ünsli bolup, hemme zady görmeli, eşitmeli. Artist bolmaklygam edil şeýle. Şonuň üçin artistiň aýdym aýtmagy, tans etmegi onuň işini ýeňilleşdirýär.

-Siz näme üçin beýleki teatrlary saýlaman, şu Türkmen döwlet gurjak teatryny saýladyňyz?

Men ozaldan çagalar bilen gürleşmegi, olar bilen bile bolmagy gowy görýärin. Uly adamlar bilen söz bilen düşünişip bolýar. Ýöne, çagalaryň görşi, diňleýşi, jogap berşi başgaça. Men çagalar bilen işlesem özümi has ýeňil, has jogapkärli duýýaryn. Sebäbi çagalary aldap bolmaýar. Men durmuşda-da çagalary şeýlebir gowy görýärin. Men çaga gygyrýan, oňa azgyrylýan adamy halamok. Eger meni myhmançylyga çagyranlarynda şol öýde çaga gygyrylýan bolsa, men şol öýe indikide barmaýaryn. Şonuň üçin gurjak teatry meni elmydama özüne çekip geldi. Men bu dünýä ýene gelsem ýene gurjak teatrynda artist bolup işlemegi saýlardym.

Siz sahnada nähili keşpleri janlandyrdyňyz?

Men institutda okaýan döwrümde Kakada bir kino surata düşürdik. Şol kinoda Akja daýzanyň, soň Türkmen döwlet gurjak teatrynda Toty daýzanyň, teleýaýlymda Ämägülüň keşbini janlandyrdym. Aslynda artistiň keşbi sahnada ýa-da kinoda kiçijigem bolsa, şol keşp ynanylan artist şol kiçijik keşbi hem jaýyna düşürip ýerine ýetirmeli.

-Bilşimiz ýaly, siz teatrdan başga teleýaýlymda hem birnäçe keşpleri janlandyryp, halkyň söýgüsini gazandyňyz. Siziň üçin teatrda oýnamak ýakymlymy ýa-da kinoda?

Aslynda döredijilik adamsynyň teatrda ýa-da teleýaýlymda keşp janlandyrmagy, ýa-da dublýajda ses bermegi onuň öz ussatlygyna bagly. Meniň pikirimçe, gurjak teatrynda işleýän artistiň işi beýleki teatrlarda işleýän artistleriň işinden kyn. Çünki seniň özüň keşp janlandyrmagyň başga zat, eliňe gurjak alyp, jansyz zada jan berip, oňa aýdym aýtdyryp, tans etdirmek başga zat. Bu senden iki-üç esse zähmeti talap edýär.

-Täze kemala gelýän ýaş artistlere siziň nähili maslahatlaryňyz bar?

Aslynda artist bolup halka özüňi tanatmaklyk adamdan erjelligi talap edýär. Sen näçe teatrda ýa-da teleýaýlymda keşp janlandyrsaňam, näçe aýdym aýtsaňam, halk seni tanamasa eden işleriň barysy biderek. Munda ilkinji nobatda seni sahna kabul etmeli, şondan soň seni halk kabul edýär. ýakynda “Jüýteniň toýy” atly spektaklda Toty daýzanyň keşbini janlandyrdym. Şol spektakly görenler meni Toty daýza diýip tanaýar. Teleýaýlymda bolsa Hoja bilen bilelikde kinoda oýnap, Ämägül atly keşbi janlandyrdym. Ol janlandyran keşbimi görenler meni Ämägül diýip tanaýar. Diýjek bolýan zadym, haçan-da halk seni gowy görse, olar seni janlandyran keşbiň arkaly tanaýarlar, seniň keşbiňi gaýtalaýarlar. Eger halk seni kabul etmese, uzak ýyllar keşp janlandyrsaňam hiç kim seni tanamaýar. Eger halk seni kabul etse-de, sen halka hemişe täze keşpleri hödürlemeli

Käte meni toýlara çagyrýarlar. Şonda menden gazal aýdyp bermegimi haýyş edýärler. Şonda men her toýa baranymda başga gazal aýdýaryn, şol bir gazaly iki gezek gaýtalamok. Käte menden goşgy okamagymy haýyş edýärler. Şonda men ol toýa täze goşgy ýatlap barýaryn.

Umuman, diýjek bolýan zadym: artist hemişe täze ýüz bilen halkyň garşysyna çykmaly. Men hem ýaşlara şunuň ýaly halkyň ýadynda uzak ýyllar galjak keşpleriň gözleginde bolmagy maslahat berýärin.

-Siziň pikiriňizçe, näme üçin adamlary güldürmek kyn?

Durmuşda adamy aglatmak aňsat. Durmuşda hemme kişiniňem dokuzy düzüw däl. Kellesi agyrmaýan adamyň ýanynda kelläm agyrýar diýseň, ol doňa düşünmeýär. Kämahal seniň üçin gülkünç bolan zat adamlar üçin gülkünç bolman biler. Käte degişmeleriň tutmaýan ýerleri bolýar. Şonuň üçinem adamlary güldürmek gaty kyn.

-Teatr uzak ýyllar “diri” galmagy üçin näme etmeli?

Munuň üçin diňe gözlegde bolmaly, täzeligiň yzyndan ylgamaly, durmuş, döwür bilen aýakdaş gitmeli, işiňe has jogapkärli ýapyşmaly. Şonda işiňem şowuna bolar, teatryňam at-abraýy artyp, ol uzak ýyllar ýaşar.

-Siz çagyrylan ýerleriňize nähili taýýarlanyp barýarsyňyz?

Käte meni toýa, baýramçylyklara çagyrýarlar ýa-da menden interwýu alýarlar. Şonda men gürlejek zadymy birnäçe gün öňünden taýýarlanýaryn. Mysal üçin, interwýu bermeli bolsam, birnäçe gün öňünden radio diňläp, telewideniýäni görüp, gazet-žurnal okap, şol interwýuma taýýarlanýaryn. Ýöne şu ýerde bellemek isleýän zadym: men ýalançylary halamok. Eger maňa pylan wagtda ýazgy bar diýseler, men şoňa taýýarlanyp baranymdan soň şol ýazgy bolmasa, meni şol ýazga çagyrýanlar bilen ikinji gezek gürleşemok. Olar soň jaň etselerem jaňyny alamok. Men şeýle tertip-düzgüni halaýaryn.

-Näme üçin teatr durmuşda möhüm orun eýeleýär?

Teatrda ýönekeý zat görkezilmeýär. Aslynda dramaturglar eser ýazanlarynda şondaky wakalar adamlaryň durmuşyndan alnyp ýazylýar we sahnada goýulýar. Sahna durmuşyň keşbini görkezýär. Durmuş hem adama sapak berýär. adamlar şol sapagy teatra gelip öwrenýärler. Şonuň üçin teatr durmuşda möhüm orny eýeleýär.

-Siz gurjaklary özüňe uýgunlaşdyryp, şolary keşbe salmak üçin nämeler edýärsiňiz?

Teatrda keşp paýlananda haýsy artistiň sesi haýsy gurjagyňka laýyk gelýändigini bilmeli bolýarsyň. Şonda täze artistlerden peýdalansaň hasam gyzykly bolýar. Ýakyn döwürde “Arşyn mal alan” atly spektakly goýdum. Şonda ol spektaklda ozal keşp janlandyran artistleri goýmadym-da, täze ýaş artistleri oýunda goýdum (synlap görmek üçin). Şonda şolar ony örän jaýyna düşürip oýnadylar. Aslynda režissýor täze keşpleriň, täze artistleriň gözleginde bolmaly. Bu oňa täze açyş bolýar. Şonuň üçin adamlar bilen söhbetdeşlik edip, täze artistleri açmaly.

-Artistlik dünýäsine täze aýak basan artistlerden nähili tamalaryňyz bar?

Men geljekki ýaşlardan gaty kän zada garaşýaryn. Sebäbi tehnika, tehnologiýa ösdi, üstesine biziň ýurdumyzda kellesinde biraz zehin bolan adama işlemäge ähli mümkinçilikler berildi. Şu döwürde ozalky edilen işlere meňzemedik işi edip. Ony kebşirläp, halka ýetirseň bu täzelik bolýar. Ony halk kabul edýär. Munuň üçin her bir ýaş artistde höwes bolmaly. Şonuň üçinem ýaşlardan gaty üýtgeşik işlere garaşýan. Ine, hormatly Prezidentimiz hem ýaş hünärmenleri kemala getirmekde uly işleri bitirýär. Menem şol işleriň tarapdary.

-Siziň geljekde öňüňizde goýan nähili maksatlaryňyz bar?

Men geljekde hem aýdym aýtmaklyga dowam etmek isleýärin. Häzirki wagtda men ozalky halypalaryň aýdan aýdymlarynyň üstünde işläp, olary ýerine ýetirip ýörün. Şol aýdymlary toplap, geljekde albom çykarmak niýetim bar. Şeýle hem özümi başga ugurdan tanadasym gelýär. Halk meni Ämägül atly şadyýan aýalyň keşbinde tanaýar, men indi geljekde gowy bir spektaklda ýa-da kinoda enäniň keşbini janlandyrasym gelýär.

-Söhbetdeşligimiziň başyndan bäri aýdym aýdýandygyňyzy aýdýarsyňyz weli, siziň özüňiziň döreden aýdymyňyz barmy?

Elbetde, menem aýdym döretdim. “Jüýteniň toýy” spektaklyndaky “Gelsene ýar” diýen aýdymyň sözlerini özüm ýazdym. Mundan başga-da “Ýoluňa” diýen aýdym döretdim. Onuň sözlerini hem özüm ýazdym ýöne, bu aýdymyň sözleri gamgyn, emma sazy şadyýan. Bu iki aýdymy hem mähriban halkym ýürekden kabul etdi.

Ozal “Altyn asyr” teleýaýlymynda “Datly desterhan” atly gepleşigi alyp barýarkam goşgy düzmäge başladym. Şonda gepleşigiň açylyşyndaky we ýapylyşyndaky goşgulary özüm düzýärdim.

-Sahnadaky Amangül bilen durmuşdaky Amangülüň arasynda nähili tapawut bar?

Men sahnada şadyýan keşpleri janlandyrsamam, özüm durmuşda agras häsiýetli. Şeýle hem örän öýkelek, özümiň gowy görýän adamlarymdan öýkeleýärin. Ýöne, sahnada men beýle däl. Sahnada gaty görýän zadymy şol adamyň ýüzüne aýdýaryn.

-Söhbetdeşligimizi siziň ýürek buýsançlaryňyz, arzuw-islegleriňiz bilen jemläýsek

Men geljekki arzuwlarym gaty uly. Ine, hormatly Prezidentimiz biziň howandarymyz, ähli babatda Ol bize mugallym. Nesip bolsa, geljekde teleýaýlymda Russiýanyň teleýaýlymynda goýberilýän “Ýeralaş” atly oýun ýaly çagalaryň durmuşyndan alynýan wakalar bilen bagly ýörite täze gepleşik açasym gelýär. Ýaňky aýdyşym ýaly, özümi başga bir keşpde synap görmek isleýärin. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda eden islän arzuwyňa ýetmek üçin uly mümkinçilikler döredilip berlen. Bizi şeýle ajaýyp döwürde ajaýyp Watanyň goýnunda ýaşadýan, medeniýet adamlaryna hormat goýup, olara howandarlyk edýän hormatly Prezidentimize alkyşlarymyzyň çägi ýok. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! Ýurdumyzda giňden bellenilen medeniýet işgärleriniň güni bilen hormatly Arkadagymyzy, kärdeşlerimi, medeniýet işgärlerini, bütin türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn!

         Söhbetdeşligi geçiren Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

   

Rahym Gurbanow: — Soňsuz söýgümiň miwesi

Rahym Gurbanow: — Soňsuz söýgümiň miwesi

“Arkadag” myhmanhanasy açyldy

 

ÝENE-DE OKAŇ

Aşgabat şäheriniň jemgyýetçilik ulag üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen, “Awtomobil Ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gysgaça 0555 belgä jaň edip taksi sargamak hyzmatyny ýola goýdy. Bu barada "www.awtoulag.gov.tm" internet sahypasynda bellenilip geçilýär. Aşgabat şäheriniň jemgyýetçilik ulag üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen, “Awtomobil Ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gysgaça 0555 belgä jaň edip taksi sargamak hyzmatyny ýola goýdy. 0555 gysga...
2022-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde geçirilýän gyşky Olimpiýa oýunlary üçin Olimpiýa alawy ýakyldy. Bu çärä Gresiýanyň gadymy Olimpiýa sebitinde bolup geçdi. Olimpiýa oýunlarynyň alawy Gera hudaýynyň gadymy ybadathanasynda Gün şöhleleri esasynda ýakyldy. Soňra Olimpiýa alawy Afina eltiler we 19-njy oktýabrda Afinadaky "Panatinaikos" stadionynda Hytaýyň wekiliýetiniň agzalaryna gowşurylar. Bu dabara koronawirus pandemiýasy sebäpli tomaşaçysyz geçiriler. Oňa Gresiýanyň Prezidenti Katerina Sakellaropulu,...
Dünýäniň iň gurply gyzjagazy kimkä? Habaryňyz barmy? Munuň jogabyny uzak ýerden däl-de, karollyk maşgalasyndan gözlemeli. Asyl, Beýik Britaniýanyň şazadasy Uilýamyň we gersoginýa Keýt Middltonyň gyzy melike Şarlotta dünýäniň iň baý gyzjagazy eken. Ol degişli sanawda aýdymçy Beýonseniň gyzy Blu Aýwi Karteri we Kim Kardaşýanyň gyzlary Nort we Çokagony yzda galdyrdy. 6 ýaşly gyzjagazyň miras paýy 5 milliard amerika dollaryna deň. Şarlottanyň...
Ýanwar aýynyň sowuk bir gününde, Waşingtonyň metro bekedinde bir adam egilip, skripka çalmaga başlaýar. Ol adam 45 minutda dünýä belli kompozitor Bahyň eserlerinden 6-syny çalýar. Säher bilen 1100 töweregi adam menziliň hyzmatyndan peýdalanýar. Üç minut geçýär we orta ýaşly bir adam sazandanyň skripka çalýandygyny görýär. Ol haýallap, birnäçe sekunt saklanýar we soň etjek işlerinden yzda galmazlyk üçin howlugyp ýöräp...
Koronawirus (Covid-19) garşy sanjymlary işläp düzen kompaniýalar “BioNTech / Pfizer” we “Moderna” 2021-nji ýylda satuwyny takmynan iki esse artdyrar. Öňümizdäki ýyl “Covid-19” sanjym bazarynda has köp sanjym satylyp, täze çaklamalara görä, 93,2 milliard dollar girdeji gazanylar. “Financial Times” neşiriniň habaryna görä, indiki ýyl “BioNTech / Pfizer” 54,5 milliard dollar, “Moderna” 38,7 milliard dollarlyk “Covid-19” sanjymlaryny satar. “SWB” maýa goýum bankynyň maglumat analitigi...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
886FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar