TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Goşa toýuň şatlygy

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni dabaraly bellenildi. Milli mukaddesliklerimiziň uly ruhubelentlige, egsilmez şatlyk-şowhuna beslenen baýramy «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Köp sanly türkmenistanlylaryň gatnaşmagynda geçirilen baýramçylyk dabaralaryna ýurdumyzyň ähli sebitlerinde-de giň gerim berildi.

30 ýyl mundan ozal, 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasy kabul edildi. Bu senäniň ähmiýeti ýurdumyzyň her bir raýaty üçin düşnüklidir we ýürege ýakyndyr. Konstitusiýanyň kabul edilmegi milli ylalaşyk, täze döwleti gurmak üçin syýasy-hukuk esaslary döretdi.

Esasy Kanunymyz türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ösüşiniň hem kämilliginiň hukuk binýadydyr, ol halkara we ýerli hukuk tejribesinde ençeme onýyllyklaryň dowamynda emele gelen häzirki döwrüň konstitusion esasyny we meýillerini özünde jemlemek bilen, döwleti, jemgyýeti ösdürmegiň hem-de kämilleşdirmegiň konseptual ugurlarynyň birnäçesini öz içine alýar.

Esasy Kanunymyz öz ykbalymyzy kesgitlemek baradaky mizemez hukugymyzdyr. Watanymyzyň şu güni we geljegi üçin jogapkärçiligimizdir. Ata-babalarymyzyň agzybir, parahat, oňşukly ýaşamak baradaky wesýetlerine ygrarlydygymyzdyr.

Milli gymmatlyklarymyzy, milli bähbitlerimizi gorap saklamak, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmak ugrundaky beýik maksatlarymyzdyr. Her bir adamyň, her bir raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny kepillendirmek, jemgyýetde asudalygy, agzybirligi üpjün etmek, halk häkimiýetiniň, demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkitmek babatdaky tagallalarymyzdyr.

Esasy Kanunymyzda: “Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr” diýilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen beýik parasaty bilen birleşýär. Arkadagly Serdarymyzyň: “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen beýik parasaty bilen birleşýär.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmäge uly güýç berildi. Milletiň ruhy-ahlak ýörelgelerini dikeltmek, ösdürmek işine aýratyn üns çekildi. Munuň özi jemgyýetçilik-syýasy durmuşymyzyň düýpli täzelenmegine getirdi. Şoňa görä, döwletimiziň kanunçylyk esasy kämilleşdirildi.

Täze konstitusion kadalar işlenilip taýýarlanyldy. Durmuşymyz barha öňe gitdi, dünýäniň iň gowy tejribeleri çuňňur öwrenildi. Ata-baba tejribeler barha aýdyň ýüze çykaryldy. Netijede, Esasy Kanunymyza üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip gelindi. Türkmen parlamentiniň işi yzygiderli kämilleşdirildi. Işiň iki palataly görnüşine geçilmegi netijesinde onuň ygtyýarlyklary, san taýdan düzümi ep-esli giňeldildi.

Milli ýörelgelerden, häzirki zamanyň talaplaryndan ugur alnyp geçirilen özgertmeler esasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasy yzygiderli döwrebaplaşdyryldy, onuň düzgünleri kämilleşdirilip, geljekki ösüşlere ýol açyldy. Hususan-da, 1995-nji, 1999-njy, 2003-nji, 2005-nji, 2006-njy, 2008-nji, 2016-njy we 2020-nji ýyllarda Konstitusiýa degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi.

Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde, köp sanly binalardyr önümçilik desgalary ulanmaga berilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagymyzyň gününiň öňüsyrasynda «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Magdanly şäherindäki şahamçasynyň, Türkmenbaşy etrabynyň merkezinden geçýän Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýolunyň üstünden awtoulaglaryň gatnawy üçin täze köpriniň, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala geňeşliginde diş çotgalaryny öndürýän kärhananyň, Kerki etrap kazyýetiniň täze edara binasynyň gurlup, ulanmaga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Çaryýarguly Orazow,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

 

75-nji Kann festiwaly geçirilýär

 

Ýene-de okaň

Kompýuteriň programma üpjünçiligi

Ýürek joşguny

Ata Watan Eserleri

Köýtendag täsinlikleriň jülgesi

Teswirle