MEDENIÝET

75-nji Kann festiwaly geçirilýär

Kino dünýäsiniň iň görnükli festiwallarynyň biri bolan Halkara Kann festiwaly öz işine başlady. 75-nji gezek geçirilýän bu festiwal 2020-nji ýylda koronawirus pandemiýasy sebäpli ýatyrylyp, 2021-nji ýylda bolsa, çäklendirilen görnüşde geçirildi.

Festiwalyň resmi maksatnamasynda 20 film bäsleşýär. Filmleriň arasynda režissýor Dewid Kronenbergiň “Geljekdäki jenaýat” atly filmi, režissýor Jeýms Greýanyň “Armageddonyň wagty” atly taryhy filmi, režissýor Mişel Hazanawiçiň “Kesiň” atly komediýasy we beýleki köp sanly filmler bar.

Maksatnamanyň çäklerinden daşynda Tom Henksiň gatnaşmagynda surata düşürilen rok-n-roll saz sungatynyň ägirdi Elwis Presliniň durmuşyny beýan edýän “Elwis” filmi görkezildi.

Kann kinofestiwalyny geçirmek pikiri 1932-nji ýylda döräpdi. Ýöne ilkinji festiwal 1946-njy ýylda geçirildi, soňra 1948-nji we 1950-nji ýyllardan başga döwürde her ýyl yzygiderli geçirildi.

 

“Altyn Asyr” topary Aşgabat şäheriniň Kubogyny gazandy

Ýene-de okaň

Türkmen ylmy işgärleriniň ABŞ-a sapary

San-Fransiskoda ilkinji gezek geçirilýän türk festiwalynda Türkmenistan tanyşdyrylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýurdumyzyň teatrlary täze sahna oýunlaryny görkezer

Ata Watan Eserleri

«Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragynyň ýeňijileri

Ata Watan Eserleri

Muhammet pygamberiň doglan güni mynasybetli jebislik çäresi geçirildi

Nýu-Ýorkda türkmen aýdym-saz gijesi