MEDENIÝET

“Google” söýgüliler gününi unutmady

14-nji fewralda tutuş dünýäde “Söýgüliler güni” hökmünde bellenýän bu gün internet ulgamynyň öňbaşylarynyň biri bolan “Google” tarapyndan hem ýatdan çykarylmady. Ol özüniň gözleg ama alaşyraýn gutujygyny bu güne mahsus ýagdaýda täzeledi.

Oýun görnüşinde taýýarlanan gözleg gutujysy “Google”-a girýänlere gyzykly pursatlar döredýär. Internet ulgamynda bir zatlar gözlemek üçin girýänlere “Söýgüliler gününiň taryhy we onuň many-mazmuny” barada hem sowallara hem jogap tapmaga mümkinçilik berilýär.

Söýgüliler güni her ýylyň 14-nji fewralynda bellenýär. Bu baýramçylyk öz gözbaşyny Rim Katolik ybadathanasynyň ynanjyna esaslanýan bu gün, Walentin atly ruhany üçin yglan edilen baýram güni hökmünde emele geldi.

Şol sebäpli käbir jemgyýetlerde “Keramatly Walentin güni” hem diýilýär. Walentin sözi günbatar siwilizasiýalarynda ýakyn adamy ýa-da söýgülini aňlatmak üçin ulanylýar.

 

 

Tost çöreginde ertirlik pizzasy

Ýene-de okaň

Aşgabadyň teatrlarynda Täze ýyl üçin teatr oýunlary görkeziler

Türkmenistanyň Döwlet sirki Täze ýyl baýramçylygy çykyşlaryny hödürleýär

Türkmenistan we Ýaponiýa ýaýlymlaryň 4K görnüşinde hyzmatdaşlyk eder

Türkmen edebiýatynyň uly ýitgisi

Türkmenistanda howa -8 gradusa çenli sowar, gar gatyşykly ýagyş ýagar

Röwşen Nepesow Täze ýyl konsertine çagyrýar