TEHNOLOGIÝA

 “Google Photos” mugt giňişligini çäklendirer

“Ixbt.com” saýtynda habar berilmegine görä, “Google” 2021-nji ýylyň 1-nji iýunyndan “Google Photos”-da ýokary hilli suratlary saklamak üçin mugt giňişligini çäklendirmegi meýilleşdirýär. Kompaniýa bu barada 2020-nji ýylyň noýabr aýynda habar beripdi. Indi, 1-nji iýundan başlap, “Google” hasabyndaky ambarda ýüklenen suratlary we wideolary 15 Gb-dan köp ýer eýeleýän ulanyjylar “Google One” abunalygynyň üsti bilen goşmaça töleg tölemeli bolar.

Bu düzgün 1-nji iýundan öň ýüklenen suratlara we wideolara degişli däl we göwrümi çäklendirilmeýär. “Google Pixel” smartfon eýeleri bolsa edil öňküler ýaly mugt “Google Photos” ammaryna çäksiz ýokary hilli suratlary we wideolary ýükläp bilerler.

 

Adwokatlyk iÅŸi barada maglumat

 

 

 

Ýene-de okaň

Gazagystanda ilkinji emeli aň uniwersiteti döredilip biler

“Nvidia” bazar bahasy $4,5 trilliona ýeten ilkinji kompaniýa

NASA Aýda oba gurmagy meýilleşdirýär

2025-nji ýyl: dünýäniň iň güýçli 10 robot taýýarlaýjy topary

Gazagystan emeli aň ministrini belledi

Emeli aň üçin 100 milliardlyk şertnama