PEÝDALY MASLAHAT

Adwokatlyk işi barada maglumat

Adwokatlyk işi näme?

Bu soragyň jogaby Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda bellenişine görä, adwokatlyk işi adam hukuklaryny we azatlyklaryny, ýuridik şahslaryň kanuny bähbitlerini goramak, jemgyýetde kanunylygyň berjaý edilmegine we pugtalandyrylmagyna ýardam bermek maksady bilen adwokatyň kanunda bellenilen tertipde berýän professional ýuridik kömegi bolup durýar.

Adwokatlyk işi telekeçilik işi däldir we adwokatyň ýuridik kömegi bermek bilen alýan tölegi onuň zähmet hak tölegi bolup durýar.

Adwokatlar tarapyndan haýsy ýuridik kömekleri berilýär?

Adwokat ýuridik kömegi bermek bilen:

1) dilden, şeýle hem ýazmaça görnüşde hukuk meseleleri boýunça maslahatlary berýär we düşündirýär;

2) arzalary, şikaýatlary, haýyşnamalary we hukuk häsiýetli beýleki resminamalary düzüp berýär;

3) raýat we arbitraž işlerinde ynanyja wekilçilik edýär;

4) dolandyryş hukuk tertibiniň bozulmalary baradaky we jenaýat işleri boýunça döwlet, anyklaýyş, deslapky derňew edaralarynda, kazyýetde ynanyjynyň goragyny amala aşyrýar ýa-da oňa wekilçilik edýär;

5) döwlet edaralarynda, eýeçiligiň ähli görnüşindäki gaýry edaralarda, häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda, jemgyýetçilik birleşiklerinde hem-de fiziki şahslar bilen gatnaşyklarda ynanyja wekilçilik edýär;

6) Türkmenistanyň halkara ylalaşyklaryna we daşary ýurt döwletleriniň kanunçylygyna garşy gelmeýän halatlarda şol döwletleriň döwlet, kazyýet, hukuk goraýjy we beýleki edaralarynda, halkara kazyýet we täjirçilik arbitraž edaralarynda ynanyjylara wekilçilik edýär;

7) ynanyjynyň daşary ýurtlaryň degişli edaralary, guramalary ýa-da raýatlary bilen bolýan hukuk gatnaşyklarynda kömek berýär;

8) bellenilen tertipde eýeçiligiň ähli görnüşindäki ýuridik şahslara, şeýle-de daşary ýurt fiziki we ýuridik şahslaryna ýuridik kömegi berýär.

Adwokatlar tarapyndan ýuridik kömegi tölegsiz berilip bilinýärmi?

Fiziki şahslara ýuridik kömek, olaryň haýyşy boýunça şu halatlarda tölegsiz berilýär:

1) hak isleýjilere alimentleri (hossarlyk eklenç serişdesini) töletmek, iş bilen baglylykda ekleýjisiniň ölümine, maýyp bolmagyna getiren ýa-da jan saglygyna başga hili şikes ýetirilmegi sebäpli ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak hakyndaky işler boýunça dilden maslahatlar görnüşinde ýuridik kömek berlende we ýazmaça resminamalar düzülende;

2) Türkmenistanyň Gahrymanlaryna, weteranlaryň toparyna girýän adamlara, çagyryş boýunça gullugy geçýän harby gullukçylara, I we II topar maýyplygy bolan adamlara, pensionerlere, “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan enelere we ýetim çagalara maslahatlar görnüşinde telekeçilik işiniň meseleleri bilen baglanyşykly bolmadyk ýuridik kömek berlende;

3) pensiýa ýa-da kömek pullaryny bellemek hakyndaky arzalar düzülende;

31) adam söwdasynyň pidasy statusy berlende;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.

 

Hak isleýişiň möhletleri

 

 

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde guruljak binalar boýunça bäsleşik

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik