PEÝDALY MASLAHAT

Hak isleýişiň möhletleri

Hak isleýiş wagtynyň nähili möhletleri bar?

Bu soragyň jogaby Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi saýtynda bellenişine görä,  1999-njy ýylyň 1-nji martyndan herekete girizilen Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 148-nji maddasyna laýyklykda, şertnama talaplary boýunça hak isleýiş wagtynyň möhleti üç ýyldyr, gozgalmaýan zatlar bilen baglanyşykly bolan şertnama talaplary boýunça bolsa alty ýyldyr.

Wagtal-wagtal ýerine ýetirilmeli borçnamalardan gelip çykýan talaplar boýunça hak isleýiş wagtynyň möhleti üç ýyldyr.

Aýry-aýry halatlarda kanunda hak isleýiş wagtynyň, başga möhletleri hem göz öňünde tutulyp bilner.

Raýat derňewiň geçirilişinden nägile bolanda, haýsy edaralara ýüz tutmaly?

2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilen “Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 3-nji maddasynyň ikinji böleginiň 1-nji, 3-nji bentlerine laýyklykda, prokuratura edaralary Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilişine gözegçiligi, dessin-agtaryş, anyklaýyş we derňew edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýar.

 

 

Beýleki döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketlerine gatnaşanlar üçin ýeňillikler

 

 

Related posts

Täze Dörediljek Kärhananyň Adyny Tassyklamak

Ata Watan Eserleri

Ýol-ulag hadysasy netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini doldurmak barada maglumat

Ata Watan Eserleri

Aşgabatdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna haýsy awtobuslarda baryp bolýar?