JEMGYÝET

«Google Earth» Ýeriň 37 ýyllyk özgermesini hödürleýär

Käte ýaşaýan ýerimiziň mundan birnäçe ýyl ozalky suratlary bilen häzirki görnüşini deňeşdirmegi halaýarys. Indi munuň üçin arhiw dörüp oturmagyň hajaty hem ýok. Dünýäniň iň uly gözleg tory bolan «Google»-yň hyzmatlarynyň biri ― «Google Earth» Ýer ýüzüniň soňky 37 ýylyň içinde özgerişi bilen bagly 24 milliondan gowrak suraty hödürledi.

Has takygy, «Google Earth»-e «Timelapse» goşundysy goşuldy. Munuň kömegi bilen islendik ulanyjy Ýer ýüzünde 1984-nji ýyldan bäri nähili özgerişleriň bolandygyny görüp biler.

Dogrusy, deňeşdirme suratlarynyň aglabasy keýpiňi gaçyrýar. Çünki adamyň täsiri netijesinde Ýer göze ýakymsyz özgermelere sezewar bolýar. Şonuň üçin hem «Google» tarapyndan goýberilen resmi ýazgyda: «Planetamyzyň bu görnüşi möhüm jedelleriň döremegine, täze açyşlara we adamlaryň käbir global meselelere has çynlakaý çemeleşmesine sebäp bolar diýip umyt edýäris» diýlen sözler bar.

Emeli hemra arkaly düşürilen suratlar 4D görnüşinde interaktiw usul bilen toplanylýar. Gyzyklanma bildirýän islendik adam onda şäherleriň nähili özgerendigini görüp biler.

 

Howa Maglumaty : 18 Aprel 2021

 

 

Ýene-de okaň

Çempionlar ligasynyň taryhy duşuşygy: “PSŽ” – “Bawariýa”: 5:4

Müsür Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmen nakyllary meşhur Barnes & Noble platformasynda neşir edildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Barselonadaky halkara foruma gatnaşýar

2026;Hepdelik täleýnama (27-nji aprel-03-nji maý)

Türkmen suratkeşi TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp boldy