TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Google” Afrikanyň internetine maýa goýýar

“Google” kompaniýasy Afrikada has çalt we elýeterli interneti üpjün etmek hem-de Afrikadaky telekeçiligi goldamak üçin 5 ýylyň dowamynda 1 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. Bütindünýä bankynyň habaryna görä, internetiň ygtybarlylygy materigiň iň möhüm meselelerinden biridir.

“Bu maýa goýum, dört ugurda materigiň sanly ulgamynyň üýtgemegine goldaw berer. Birinjiden, her bir afrikaly ulanyjy üçin bökdençsiz elýeterliligi üpjün etmek. Ikinjiden, kärhanalary sanly görnüşe öwürmäge kömek etmek, üçünjiden indiki nesil tehnologiýalaryny herekete getirmek üçin telekeçilige maýa goýmak, dördünjiden Afrikadaky durmuşy gowulaşdyrmak üçin işleýän guramalara goldaw bermekden ybarat”-diýlip, “Google” kompaniýasynyň metbugat beýanatynda bellenilýär.

“Google” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bu çäreleriň soňky ýyllarda uly üstünlikler gazandyklaryny, emma internetiň her bir afrikaly üçin elýeterli we peýdaly bolmagy üçin has köp iş edilmelidigini aýdýarlar. Maýa goýumlary, esasan, Günorta Afrikany, Namibiýany we Nigeriýany Ýewropa birikdirjek “Equiano” suwasty kabelini çekmek bilen baglanyşykly infrastrukturany ösdürmäge gönükdiriler.

“Google” ozal takmynan 10 million ýaş afrikalylara we kiçi telekeçilere sanly başarnyklary öwretmek başlangyjy bilen hem çykyş edipdi.

Dünýäde çagalar nähili sanjym edilýär?

 

Ýene-de okaň

AŞTU-dan täze hyzmat: IP we internet hasabyňy onlaýn öwrenmek

Täze “Moskwiç” ulagynyň önümçiligine başlandy

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň uly ýahtasy gurlar

Teswirle