DÜNÝÄ

Ginnesiň rekordlar kitabyna giren aýna köpri

Dünýäniň iň uzyn aýna köprüsi “Ak aždarha” Wýetnamda açyldy. Pyýada ýöränlere gorkunç pursatlar döredýän aýna köprüsiniň uzynlygy 632 metr.

Adamlaryň üstünde ýöreýän aýnanyň galyňlygy 40 millimetr. Ýerden 150 metr beýiklikdäki köpri bir wagtyň özünde 450 adamy göterip bilýär.

Wýetnamyň döwlet ýolbaşçylary köpriniň açylyşy üçin ýörite dabara gurady. Köpri berk bolsa-da, aýna köpriniň üstünde ilkinji gezek ýöränler gaty biynjalyk boldular.

Dabara Ginnesiň rekordlar kitabynyň işgärleri hem gatnaşdy. “Ak aždarha” resmi taýdan dünýäniň iň uzyn aýna köprüsiniň adyny aldy we Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Mundan ozalky rekord Hytaýyň Guandun welaýatynda 526 metr uzynlykdaky köprä degişlidi.

 

Aşgabatdan Dubaýa ilkinji adaty halkara uçary uçdy

Ýene-de okaň

«Türkmenistan-Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçiriler

Gyrgyzystan ilkinji gezek milli puluny özbaşdak çap etdi

Türkmenistan-ABŞ:söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň duşuşygyna taýýarlyk boýunça Teswirnama gol çekildi

Aşgabatda “Yn­san­per­wer­lik ýo­ly” ady bi­len hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di

Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilim ministrleriniň duşuşygy geçirildi