JEMGYÝET

Aşgabatdan Dubaýa ilkinji adaty halkara uçary uçdy

Şu gün Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatdan Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherine ilkinji adaty halkara uçar gatnawy amala aşyrylýar. Aşgabat-Dubaý ugry boýunça gatnaw amala aşyrýan “T5 817” uçar ýerli sagat bilen 12:20 uçdy.

Global pandemiýanyň ýurdumyzyň çägine gelmeginiň öňüni almak maksady bilen 2020-nji ýylyň mart aýynda halkara uçar gatnawy ýatyrylypdy. Şol döwürden bäri onlarça ýörite uçar gatnawlary amala aşyrylan hem bolsa, ine şu gün ilkinji adaty uçar gatnawy amala aşyrylýar.

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Dubaý ugurly uçar gatnawy ýurdumyzyň paýtagtynyň halkara howa menzilinden uçdy. Uzyn wagtdan soňra amala aşýan ilkinji adaty uçar gatnawlaryndan peýdalanmak üçin ýolagçylar howa menziline geldiler.

Ilkinji adaty uçar gatnawynyň ýolagçylaryny “myhman” eden “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň “Boeing” kysymly uçary birnäçe sagatdan soňra Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäheriniň howa menziline gonar.

 

 

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Belarus ugurly nobatdaky ýörite gatnaw

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 26-njy martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 321 sany raýatyň günäsi geçilýär

Ata Watan Eserleri

Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň ilçisi Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşdy

Emeli aň bilen ilkinji gezek aýdym albomyny döretdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýäniň energetika ministrini kabul etdi