DÜNÝÄ

Germaniýanyň nobatdaky kansleri kim bolar?

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň häzirki kansleri Angela Merkel özüniň oruntutarynyň kim boljakdygyny mälim etdi. Ol hem Hristian-demokratik geňeşiň ýolbaşçysy Armin Laşet bolar.

– 1994-nji ýyldan soňra ýurduň häzirki federal kansleriniň täzeden saýlanmak üçin gatnaşmaýan ilkini saýlawy bolar. Germaniýanyň 72 ýyllyk taryhynda Hristian-demokratik geňeşi elli ýyldan gowrak wagt bäri Federal kansleri hödürläp gelýär – diýip, Angela Merkel Berlin şäherindäki saýlawdan öňki çykyşynda belläp geçdi.

Ol Armin Laşetiň adamlaryň mertebesini ileri tutmak, olaryň arasynda köpri gurmak ýaly ýokary adamkärçilik taraplarynyň oňa geljekki jogapkärçilikli wezipesinde uly abraý getirjekdigini belledi.

Germaniýanyň “Bundestag” saýlawlaryy 26-njy sentýabrda geçiriler. Şonuň netijesinde, täze hökümet gurlar we täze kansler hödürlener.

16 ýyllyk Angela Merkeliň kanslerlik döwri tamamlanýar. Ol öňümizdäki saýlawlardan soňra syýasatdan gitmegi meýilleşdirýär.

Armin Laşet 59 ýaşynda. Ol Ahen şäherinde katolik maşgalasynda dünýä indi, kakasy magdançy, ejesi öý hojalykçydy. Bonn we Mýunhen uniwersitetlerinde hukuk we jemgyýetçilik-syýasy ylymlar boýunça bilim aldy. Ol žurnalist bolup işledi.

 

Emeli aňyň hem ýok edip bilmeýän kärleri

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa sapary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Belarusyň ilçisi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Russiýanyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Türkiýä sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan bilen Rumyniýa energetika hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy