TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“General Motors” ABŞ-da we Kanadada zarýad beriş stansiýasy gurar

Amerikan awtoulag öndürijisi “General Motors” (GM) indiki ýyldan ABŞ-da we Kanadada elektrik awtoulaglary üçin 40 müň zarýad beriş stansiýasyny gurjakdygyny mälim etdi.

Kompaniýanyň beýanynda “GM” we onuň dilerleriniň ýerli zarýad beriş stansiýasyna girişi giňeltmek üçin bilelikde işlejekdikleri habar berildi.

2022-nji ýylda başlajak bu başlangyç, “GM”-iň çalt ösýän elektrik awtoulag pudagynda barlygyny güýçlendirmek üçin 750 million dollarlyk maýa goýum borçnamasynyň bir bölegidir.
“GM” oktýabr aýynyň başynda 2025-nji ýyla çenli elektrik we awtonom ulaglara 35 milliard dollar sarp etmegi meýilleşdirýändigini aýan etdi.

Global önümlerinde we amallarynda 2040-njy ýyla çenli uglerod bitarap bolmagyny maksat edinýän “GM”, 2035-nji ýyla çenli ulaglarda benzin we dizel önümçiligini bes etmegi we diňe elektrikli ulag öndürmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi.

 

“Apple” we “Amazon”-yň satuwlary garaşylandan pes boldy

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle