Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) ýerini ýetiriji komiteti guramanyň häzirki baş direktory Tedros Adanom Gebreýesusy täzeden ikinji möhlete dalaşgär görkezdi. Bu barada guramanyň ýerine ýetiriji komiteti Ženewada geçirilen 150-nji mejlisde degişli çözgüt kabul etdi.

Gibrid formatynda geçirilen mejlisde guramanyň baş direktory wezipesi üçin dalaşgär hödürlemek babatda kararnama kabul edildi. Şol kararnamada: “Ýerine ýetiriji komitet Tedros Adanom Gebreýesusy BSGG-niň baş direktory wezipesi üçin geljek 5 ýyl üçin hödürledi” diýlip bellenilýär.

Bu hödürnama Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 75-nji mejlisine hödürlener.

BSGG üçin ýeke-täk dalaşgär görkezilen Gebreýesus üçin ses bermek çäresi 2022-nji ýylyň 22-28-nji maýynda Ženewa şäherinde geçiriljek Bütindünýä Saglygy goraýyş assambleýasynyň mejlisinde guralar.

Mälim bolşy ýaly, Tedros Adanom Gebreýesus 2017-nji ýylda BSGG-niň baş direktory wezipesine saýlanypdy. Ol 2012-2016-njy ýyllarda Efiopiýanyň saglygy goraýyş ministri wezipesinde işläpdi.

 

“Panasonic” kompaniýasy “Tesla” şereketine maýa goýýar