TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriniň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk edýän Belarusyň guramagynda Minsk şäherinde geçirilen duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, Ermenistan Respublikasynyň daşary işler ministri Ararat Mirzoýan, Belarus Respublikasynyň daşary işler ministri Wladimir Makeý, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Marat Syzykow,  Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministrr ministri Ruslan Kazakbaýew, Moldowanyň Daşary işler we Ýewropa integrasiýa ministrliginiň döwlet sekretary Ruslan Bolboçan, Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Sodik Imomi, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew, Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy – ýerine ýetiriji sekretar Sergeý Lebedew gatnaşdy.

GDA-nyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar 14 resminamanyň taslamasyna seredip, gün tertibindäki 6 resminama boýunça gutarnykly kararlary kabul etdi.

Hususan-da, geçirilen duşuşyklaryň çäklerinde wekilýetiň ýolbaşçylary halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri we Arkalaşygyň çäklerindäki özara gatnaşyklar barada pikir alyşdylar. Geljekki ýygnagynyň senesi we ýeri barada karar kabul edildi. 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde Duşanbe şäherinde bolar.

Bulardan başga-da, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary GDA-a agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň geňeşine garamak üçin iberiljek resminamalaryň taslamasyny tassykladylar. Olaryň hatarynda GDA-nyň 30 ýyllygy bilen baglanyşykly beýannama, biosfera howpsuzlygy pudagyndaky hyzmatdaşlyk, migrasiýa we beýleki resminamalar babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky resminamalar bar.

Mälim bolşy ýaly, şu gün Garaşsyz Döwletler Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary geňeşiniň mejlisi Belarus Respublikasynyň baştutanlygynda onlaýn tertipde geçiriler.

 

Mbappe Messiniň ýerine “Real Madridi” saýlady

 

Ýene-de okaň

Gruziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

“Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçiriler

Helga Mariýa Şmid: Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmak meniň üçin hormat

Teswirle