TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Mbappe Messiniň ýerine “Real Madridi” saýlady

Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň fransuz hüjümçisi Kilian Mbappe dünýä metbugatyny başagaý eden sanýetmez habarlardan soň, belli bir karara geldi. Ol häzirki toparyny terk etmegi ymykly ýüregine düwdi.

Sport metbugatynyň iň ygtybarly çeşmeleriniň biri bolan «As» neşiriniň habaryna görä, futbolçy bütin durky bilen «Reala» geçmegiň tarapdary. Hut, şu sebäpden hem ol «parižlileriň» ähli tekliplerini ret etdi.

Çeşme bu barada şeýle ýazýar:

«Mbappe kesgitli karara geldi. Ony Katar şeýhiniň hödürlän pullary gyzyklandyrmady, şertnamasyny uzaltmady. Şeýlelikde, 2022-nji ýylyň 30-njy iýuny Mbappeniň PSŽ-däki iň soňky güni bolar. Şol gün ol arzuwlaryna gowşup, «Realyň» futbolçysy bolar».

https://www.atavatan-turkmenistan.com/turkmenistan-bmg-nin-durnukly-ulag-ulgamy-boyunca-ikinji-ahlumumy-maslahatyna-gatnasdy/

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyny rus teleýaýlymdan görmek bolar

Çempionlar ligasy: “Barselona” ýeňildi

Türkmenistan Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynda 24 medal gazandy

Teswirle