DÜNÝÄ

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň mejlisi

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň mejlisi şu ýylyň 13-nji maýynda Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde geçiriler. Bu barada GDA-nyň resmi internet sahypasynda hem bellenilip geçilýär. Mejlisiň ýüzbe-ýüz geçirilmegi meýilleşdirilýär.

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň mejlisinde guramanyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň giň toplumy maslahatlaşylar. Şeýle hem mejlisde halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alşylar.

Şeýle hem ministrler geňeşiniň mejlisinde Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we çuňlaşdyrmak üçin ileri tutulýan çäreler meýilnamasy, DIM-ler arasynda geňeşmeler meýilnamasy, syýahatçylyk pudagynda degişli guramalary döretmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň  mejlisleri adatça ýylda iki gezek geçirilýär. Daşary işler ministrleriniň güýzki duşuşygynyň 13-nji oktýabrda Nur-Sultanda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

 

“Twitter” iň girdejisini 5 esse köpelder

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasy Bahriýa uniwersitetinde umumy sapak geçirdi

Türkmenistan Bişkekde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň III parlamentara forumyna gatnaşdy

Duşenbe GDA-nyň Baştutanlarynyň sammitini kabul etmäge taýýarlanýar

Donald Tramp Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy

III Merkezi Aziýaara parlament forumy: hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri

Özbegistan ABŞ-nyň kompaniýalary bilen şertnama baglaşdylar