“Twitter” jemgyýetçilik tory platformasyny satyn alan Ilon Maskyň kompaniýanyň girdejisini 5 esse artdyrmagy meýilleşdirýändigi mälim edildi.

“New York Times” gazetiniň habaryna görä, Mask 2028-nji ýyla çenli “Twitteriň” girdejisini 26,4 milliard dollara çenli artdyryp biljekdigini mälim etdi. Kompaniýanyň geçen ýyl 5 milliard dollar girdejisi bardy.

“Twitter” -i 44 milliard dollara satyn alan “Tesla”-nyň başlygy Ilon Mask sosial media platformasynyň kompaniýalar we hökümetler üçin “ujypsyzja töleg” bolup biljekdigini aýtdy. Şeýle hem Mask “Twitter”-iň “adaty ulanyjylar” üçin mugt bolmagyny dowam etdirjekdigini aýtdy.

Mask ozalky beýanatlarynda “täze aýratynlyklary ösdürip has gowulaşdyrjakdygyny” mälim edipdi.

 

Rus boksçy çempionlyk derejesini tassyklady