Şu gün Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew gatnaşdy. Bu barada guramanyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Bu mejlise Arkalaşyga gatnaşyjy-döwletleriň daşary işler ministrleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew dagylar gatnaşdylar.

GDA agza ýurtlaryň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary halkara gün tertibinde we Arkalaşygyň çägindäki hyzmatdaşlykda möhüm meseleler barada pikir alyşdylar. GDA giňişligindäki häzirki ýagdaý ara alnyp maslahatlaşyldy.

GDA agza ýurtlaryň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin Hereket Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi, GDA-nyň çäginde DIM-leriň arasynda köp derejeli geňeşmeler meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi, şeýle hem bu ugurdaky ýurtlaryň özara gatnaşygy bilen baglanyşykly meseleler, şeýle ylmy gözlegler, ýaşlar hyzmatdaşlygy we syýahatçylyk ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy.

Duşuşygyň netijesinde GDA giňişliginde daşary syýasatda we ynsanperwerlik ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe resminama gol çekildi.

GDA ministrler geňeşiniň indiki ýygnagy 2022-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Nur-Sultanda geçiriler.

Bu duşuşyga Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow, Ermenistanyň daşary işler ministri Ararat Mirzoýan, Belarusyň daşary işler ministri Wladimir Makeý, Gazagystanyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi, Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew, Özbegistanyň daşary işler ministriniň w.ý.ý Wladimir Norow we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew gatnaşdy.

SYÝAHATÇYLYK GURAMASY DÖREDILER

Duşanbe şäherinde geçirilen mejlisde “Ýüpek ýoly” halkara uniwersitetine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň syýahatçylyk babatda esasy guramasy derejesi berildi.

 

 

“Nokia” 200 megapikselli telefon öndürer