DÜNÝÄ

Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistana sapar bilen geler

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreler boýunça Geňeşiniň (CICA) daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygyna gatnaşýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň 3-nji Konsultatiw duşuşygynyň sebit hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy üçin täze mümkinçilikleri açandygyny belledi. Kasym-Jomart Tokaýew türkmen tarapyna CICA-nyň daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygyna gatnaşandygy we gazak tarapynyň başlangyçlaryny goldandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, şeýle hem sebit howpsuzlygy ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistanda VI Hazar sammitini geçirmäge görülýän taýýarlyklar işleri barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystanyň Prezidentine kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet sapary bilen Türkmenistana gelmegi baradaky çakylygyny gowşurdy.

Kasym-Jomart Tokaýew ýakyn wagtda Aşgabada sapara barmaga taýýardygyny tassyklap, bu ýokary derejedäki wakalaryň türkmen-gazak strategik hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça hil taýdan täze derejelere çykarmaga itergi berjekdigini belledi.

 

Türkmenistan Gazagystandaky CICA-nyň duşuşygyna gatnaşýar

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy

Mergen Kepbanow: Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini tassyklady