JEMGYÝET

Gazagystanyň bugdaýy Türkmenistanyň üsti bilen daşary ýurt bazaryna çykarylar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow Gazagystanyň bugdaýyny we un önümlerini Owganystana hem-de Owganystanyň üsti bilen beýleki ýurtlara ibermekde bilelikdäki hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Hususan-da Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabyndaky Çemenabat maldarçylyk hojalygynda 100 müň tonna bugdaý saklamaga niýetlenilen elewatory hem-de oňa gerek bolan haltalary öndürýän önümçiligi gurmak maksat edinilýär.

Bu işleri paýly gatnaşyk esasynda amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

 

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen FAO guramasynyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy guralar

Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi