TEHNOLOGIÝA

Garşyňyzda “Oppo Watch 2”

“Oppo” şereketiniň ýakyn wagtda satuwa çykjak “Oppo Watch 2” diýlip atlandyrylan sagady “Apollo 4s” kömekçi we “Snapdragon Wear 4100” esasy mikroprosessorlardan güýç alar. Bu sagat bir gezeklik zarýad bilen 2-3 gün işlemäge ukyply bolar. Şeýle hem bu sagat 16 GB ýat bilen üpjün ediler. “Oppo” şereketiniň täze sagady “eSIM”, “NFC”, ýürek urşuny ölçeýän programma ýaly tehnologiýalar arkaly ulanyjylaryň ünsüni çekmegine garaşylýar. Çykan habarlarda bu sagadyň adamyň stredini ölçeýän tehnologiýa bilen üpjün ediljekdigi hem aýdylýar.

Täze sagat iki sany prosessora (“ColorOS” we “Wear OS”) eýe bolar. Sagadyň Hytaýda satuwa çykjak görnüşinde “ColorOS”, dünýäde satuwa çykjak görnüşinde bolsa “Wear OS” prosessory ýerleşer. Mundan başga-da, bu sagat “Game Mode” aýratynlygyna hem eýe bolar, emma bu aýratynlyk barada anyk we doly maglumat ýok. Akylly sagadyň 2 dürli ululykda (42 mm we 46 mm) satuwa çykmagyna garaşylýar.

 

Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

“Apple” “iPhone 13” telefon seriýasynda kämilleÅŸdirilen tiz zarýad tehnologiýasyny ulanar

 

 

Ýene-de okaň

Soňky 3 ýylda emeli Intellekt baradaky çaklamalar näderejede üýtgedi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Hemişe onlaýn: «TELECOMWIFI» we «TM CELL»-iň amatly internet teklipleri

«Türkmentelecom» «bulut» infrastrukturasynyň mümkinçiliklerini artdyrýar

ABŞ-ly kompaniýa Aýda myhmanhanalar gurmagy meýilleşdirýär

“Teltronic” Türkmenistanyň esasy pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň mümkinçiliklerini görýär

Pekin emeli aňyň paýtagtyna öwrüler