TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
TEHNOLOGIÝA

“Apple” “iPhone 13” telefon seriýasynda kämilleşdirilen tiz zarýad tehnologiýasyny ulanar

“Apple” şereketiniň täze çykarjak telefon seriýasy hakynda maglumatlar gelmegine dowam edýär. Sentýabr aýynda tanadylmagyna garaşylýan “Apple” şereketiniň täze telefon seriýasynyň tiz zarýad tehnologiýasy bilen üpjün ediljekdigi mälim boldy.

Akylly telefon dünýäsinde tiz zarýad tehnologiýasynyň derejesi 100W-a çenli galdy. Dünýäde lider hasaplanýan “Apple” şereketi telefonlaryny bu tehnologiýa bilen üpjün etmekde örän yzda galýar. Emma şereket bu ýagdaýy üýtgetjek täze ädimler ätmäge başlady. “iPhone 13” telefon seriýasy öňki modellere garanyňda kämilleşdirilen tiz zarýad tehnologiýasyny aljakdygy şereket tarapyndan mälim edildi.

Çykan habarlara görä, “iPhone 13” seriýasy 25W tiz zarýad bilen üpjün ediler. Öňki modellerinde iň ýokary 22W zarýad ulanan “Apple” şereketi ahyrsoňy bu derejäni sähel bolsa-da göterdi. Emma “Android” enjamlary bilen deňeşdireniňde “Apple” hälem örän yzda galmaga dowam edýär.

Garaşylýan “iPhone 13” telefonlarynyň has kämilleşdirilen ekranlar we kameralar bilen üpjün edilmegine garaşylýar. Ýakyn wagtda tanadyljak täze telefonlaryň iki reňkde (“Sunset Gold” we “Rose Gold”) satuwa çykjakdygy takmyn edilýär.

 

Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

BAE ilçisi wezipesine girişdi

 

 

Ýene-de okaň

Kosmos syýahatçylygyna Hytaý hem goşulýar

Geljegiň otlusy tanyşdyryldy

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot

Teswirle