TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

“Garri Potter” kitabynyň ilkinji neşiri satyldy

ABŞ-da gurnalan söwda satuwynda Joan Rouling tarapyndan ýazylan “Garri Potter we pelsepe daşy” atly kitaby satyldy. Alyjy onuň üçin 471 müň dollar töledi.

“Heritage Auctions” söwda öýüniň bellemegine görä, bu rekord möçber bolup durýar. Ady aýan edilmedik alyja 1997-nji ýylda çap edilen hem-de daşky sahabynda reňkli suratlar bolan iňlis dilindäki neşir gowşuryldy. Bu kitap neşiri üçin hödürlenen baha XX asyryň çeper eserleriniň arasynda dünýä rekordy boldy.

“Heritage Auctions” -yň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Jo Maddalena hem kitabyň ýokary baha satylandygyny tassyklady.

Ozal Garri Potter baradaky kitaplaryň auksionlardaky bahasy 110 müň dollardan 138 müň dollar aralygyndady.

Bir ýyl mundan ozal “Garri Potter” kitabynyň seýrek neşiriniň auksionda 90 müň dollara satylandygyny bellemek gerek.

Häzirki wagtda Joan Roulingiň kitaplarynyň muşdaklary bu kitaplaryň esasynda döredilen ýaş jadygöý hakynda filmleriň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, çykaryljak ýörite neşiri üçin ýanwar aýyna uly sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

ABŞ-nyň “Scholastic” neşirýatynyň habaryna görä, iňlis ýazyjysy Joan Rouling ýaş jadygöý oglanjyk barada 6 kitap ýazyp, olar hem 80 dilde 500 million nusgalyk tiraž hökmünde satyldy. Bu kitaplar esasynda 8 film surata düşürildi we olar hem dünýä prokatynda 7,8 milliard dollar girdeji gazandy.

 

Seýitjan Mirzaýew hem «kiçi» bürünç medal gazandy

Ýene-de okaň

Döwlet baýraklarynyň eýelerine söz berýäris

“Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly geçiriler

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň «Ural» tans toparynyň Türkmenistandaky ilkinji çykyşy

Teswirle