TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Seýitjan Mirzaýew hem «kiçi» bürünç medal gazandy

Türkmenistanly agyr atletikaçy Seýitjan Mirzaýew Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilýän dünýä çempionatynda ştangany silterläp galdyrmak boýunça bürünç medala mynasyp boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby dünýä çempionatynda 61 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi.

                        128 kilogram agyrlygy eýgerdi

Bu agramyň «A» toparçasynda ýaryşan ildeşimiz silterläp galdyrmak boýunça ilkinji synanyşygynda 128 kilogram agyrlygy buýurdy, ýöne oňa hötde gelip bilmedi. Ol ikinji synanyşygynda bu agyrlygy eýgerdi. Üçünji gezekde 132 kilograma çynanyşan ildeşimiziň çykyşy bu gezek hem şowsuz boldy.

Şeýlelikde, Seýitjan Mirzaýew ştangany galdyrmagyň birinji görnüşi boýunça 128 kilogramlyk netije bilen bürünç medaly eýeledi. Bu görnüşde iň ýokary netijäni 132 kilogram agyrlyk bilen koreýaly türgen Şin Rok görkezdi. Ikinji orny gruziýaly Şota Mişwelidze eýeledi.

                                   Ikinji görnüş şowsuz

Biziň ildeşimiziň ştangany itekläp galdyrmak bobunça üç synanyşygy hem şowsuz boldy. Ol synnayşyklaryň ilkinji ikisinde 145 kilogram agyrlygy buýran bolsa, üçünjide töwekgelçilik bilen agyrlygy 147 kilograma çykardy. Ýöne üç synanyşyk hem netije bermedi.

Bu agram derejesinde iki görnüşiň jemi boýunça altyn medala koreýaly türgen Şin Rok mynasyp boldy (132+156=288 kg.). Kümüş medaly gruziýaly Şota Mişwelidze eýeledi (131+155=286 kg.). Hormat münberiniň üçünji basgançagyna bolsa 282 kilogramlyk netije bilen saud arabystanly türgen Seraj al-Salim çykdy (127+155).

                                         Daşkentde ýene medal

Ýeri gelende aýtsak, Seýitjan Mirzaýew geçen ýyl Daşkent şäherinde geçirilen halkara ýaryşda bürünç medala mynasyp boldy. Şu ýyl bolsa bu şäherde geçirilen Aziýa çempinatynda ştangany silterläp götermek boýunça kümüş medala mynasyp boldy.

Şeýle hem Seýitjan Mirzaýew 2019-njy ýylda Kataryň kubogyny almak ugrundaky 6-njy halkara ýaryşynda 270 kilogram agramy göterip, kümüş medala mynasyp bolupdy. Şonuň ýaly-da ol 2019-njy ýylda Türkiýede Naim Süleýmanoglunyň ýadygärligine bagyşlanan halkara ýaryşynda kümüş, dünýä kubogyny almak ugrundaky ýaryşda bolsa bürünç medala mynasyp boldy.

                                 Aşgabatda goýlan rekord täzelenmedi

Bu agram derejesinde 2018-nji ýylda Aşgabatda goýlan dünýä rekordy ýene-de täzelenmedi. Türkmen paýtagtynda geçirilen dünýä çempionatynda indoneziýaly agyr atletikaçy Eko Ýuli-Irowan ştangany itekläp galdyrmak boýunça 174 kilogram agyrlygy eýgerip, dünýä rekordyny goýupdy. Bu rekord özüniň ýeke-täkligini şu gezekki dünýä çempionatynda hem gorady. Daşkentdäki dünýä çempionatynda itekläp galdyrmak boýunça iň ýokary sepgide 156 kilogram bilen koreýaly türgen ýetip bildi.

 

Sergen Ýalçyn tälimçilikden meýletin çekildi

 

Ýene-de okaň

Çempionlar ligasy: Messiniň nobatdaky rekordy

Alonso “Baýer” toparyna tälim berer

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Teswirle