DÜNÝÄ

Garaşsyzlyk baýramy: ýurdumyzyň pudaklarynyň dabaraly ýörişinden suratlar

Paýtagtymyz Aşgabatdaky Döwlet münberiniň toplumy Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralaryň merkezine öwrüldi.

Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançada ilki bilen harby ýöriş, soňra bolsa ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň baýramçylyk ýörişi guraldy. Bu ýerde sungat ussatlarynyň çykyşlaryna hem orun berildi.

Baýramçylyk lybasyna beslenen ýigitleriň ikisi münberiň öňündäki meýdança ajaýyp şaý-sepler bilen bezelen ahalteke bedewi çykaryldy. “Garaşsyz” diýlip at dakylan ajaýyp gyr at (2018-nji ýylda doglan) Ýadygär hem-de Maýa diýen atlaryň neslindendir. Bu bedew hormatly Prezidentimize sowgat edildi.

Baýramçylyk meýdançasyndaky dabaradan pursatlar:

Garaşsyzlyk baýramy: harby ýörişden suratlar

 

Ýene-de okaň

Tramp Putini Maýamidäki G20 sammitine çagyryp biler

Eýran Hazarýaka döwletleriniň sammitini geçirmäge taýýarlanýar

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň ösüş strategiýays ministri bilen duşuşdy

Şawkat Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň Gyzyl kitabyny döretmegi teklip etdi

Bütindünýä banky Merkezi Aziýanyň taslamalaryna 1 milliard dollar maýa goýdy

Amyderýadan Aşgabada: Ýaş tebigatçylar üçin okuw maslahaty geçirildi