TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Futbolçy transferlerine iň köp pul sarp eden topar

“Transfermarkt” neşiri 2000/2001-nji möwsüminden häzirki wagtda çenli toparyň düzümine futbolçy goşmak üçin iň köp pul sarp eden toparlaryň sanawyny düzdi. Şol sanawda birinji orny Angliýanyň “Çelsi” topary eýeledi.

Bu toparyň futbolçy satyn almak üçin sarp eden maliýe serişdesi 2.48 milliard ýewro deň boldy. Bu maliýe serişdeleriniň agramly bölegi 2003-nji ýyldan soňra boldy. Şol döwürde topary russiýaly işewür roman Abramowiç satyn alypdy. Şondan ozal, topar futbolçy satyn almak üçin bary-ýogy 101 million ýewro sarp edipdi. Abromowiçiň topary satyn alan ilkinji ýylynda “Çelsi” topary täze futbolçylary satyn almak üçin 170 million sarp edipdi.

Toparyň iň gymmat satyn alan futbolçysy belgiýaly Romelu Lukaku boldy. Onuň üçin 115 million ýewro berildi. Topar güýçli futbolçylary düzümine goşmak üçin iň köp maliýe serişdelerini 2017/2018-nji ýylyň möwsüminde bölüp berip, şonda bu maksatlar üçin 260,5 million ýewro gönükdiripdi.

Bu sanawda ikinji orunda “Mançester Siti” topary gelip, olaryň sarp eden möçberi 2.38 milliard ýewro deňdir. Bu toparyň iň gymmat satyn alan futbolçysy 117,5 million ýewro möçberindäki Jek Griliş boldy.

Sanawda üçünji orny Ispaniýanyň iki güýçli topary eýeledi. “Real” bilen “Barselona” toparlarynyň transfer üçin gönükdiren maýa goýumy 2,2 milliard ýewro deňdir. Ispan toparlary futbolçy satyn almak üçin iň köp maliýe serişdesini Angliýanyň milli çempionatynyň toparlaryna töledi. “Real” topary “Çelsiden” Eden Azar üçin 115 million ýewro, “Barselona” bolsa “Liwerpuldan” Filipp Kountinýo üçin 135 million ýewro sarp etdi.

Şeýle hem bu sanawda “Ýuwentus”(2.1 mlrd ýewro), “Mançester Ýunaýted” (2.08 mlrd ýewro), “Inter” (1.7 mlrd ýewro), “PSŽ” (1.7 mlrd ýewro), “Liwerpul” (1.6 mlrd ýewro) ýaly toparlar öňdäki orunlarda orun aldy.

 

Ýylyň parlak ýyldyzy-2021 :Begenç Çaryýew bilen söhbetdeşlik

Ýene-de okaň

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Türkmenistan Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşar

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Teswirle