TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Futbol boýunça dünýä çempionaty – her 2 ýyldan bolup bilermi?

Şu hepde Ýewropanyň toparlarynyň assosiasiýasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) ýolbaşçysy Janni Infantino dünýä çempionatyny her 2 ýyldan bir gezek geçirmegi teklip etdi. Adatça, futbol boýunça dünýä çempionaty her 4 ýyldan bir gezek geçirilýär.

Ýewropanyň futbol assosiasiýasynyň bileleşigi, ýagny UEFA-nyň ýolbaşçysy Aleksandr Çeferin muňa garşy çykdy. 2016-njy ýylda UEFA-nyň ýolbaşçysy wezipesine saýlanan Aleksandr Çeferin habarçylaryna beren beýanatynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň gymmatynyň oňun seýrek bolýandygy bilen berk baglanyşyklydygyny belledi. Çeferin eger dünýä çempionaty 2 ýylda bir gezek geçirilen halatynda onuň abraýynyň pese gaçjakdygyny belledi.

FIFA-nyň ýolbaşçysy Infantino 3 ýyl mundan ozal hem Afrika Konfederasiýasynyň ýygnagynda dünýä çempionatyny 2 ýylda bir gezek geçirmegi teklip edipdi. Infantino FIFA-nyň islendik tekliplere we başlangyçlara açykdygyny belledi.

FUTBOL OÝNUNYŇ JADYSYNY GORAMALY

UEFA-nyň ýolbaşçysy Çeferin “Football Supporters Europe” guramasynyň ýerine ýetiriji direktory Ronan Eweýne jogap hatyny iberip, ondan “futbol oýnunyň jadysynyň” goralyp saklanmagy üçin futbolda bäsdeşlik deňagramlylygynyň saklanyp galynmalydygyny belledi.

Kataryň paýtagty Doha şäherinde bu barada duşuşyk geçiriler. Oňa dünýäniň dürli künjeginden futbol bilermenleri gatnaşar. Şol duşuşykda futbol boýunça dünýä çempionatynyň ykbaly çözüler.

Köp sanly bilermenler dünýä futbolynda bolup geçen çuňňur özgertmeleriň futbol meýdançasyny “uly söwda bazaryna” öwrülmeginiň öňüni almaga mümkinçilik döretmelidigini belleýärler.

 

Marsdan täze gaýa nusgasy

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle