SPORT

«Formula 1»-e täze tapgyr goşuldy  

Dünýäniň iň meşhur we iň gyzykly ulag ýaryşlarynyň biri bolan «Formula 1»-e 2022-nji ýylda ýene bir bölüm goşular. Has takygy, geljek ýyl dünýä çempionatynyň tapgyrlaryna «Maýami Grand Prisi» hem goşular.

Ýaryşyň guramaçylyk topary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Maýami şäherinde «Formula 1» ýaryşlaryny geçirmek üçin 10 ýyllyk şertnama gol çekişilendigini habar berdi.

Deslapky maglumatlara ýaryşyň Maýamidäki bölegi Amerikanyň futbol ligasynyň (NFL) iň görnükli stadionlarynyň biri bolan «Hard Rok» stadionynyň daş-töwereginde geçiriler. Bu ýerde 5,41 kilometr uzynlykdaky ýaryş ýoly bolar. 19 aýlawy bolan ýoluň käbir böleklerinde sürüjiler tizligi sagatda 320 kilometre çenli çykaryp bilerler.

Ýaryşyň geçiriljek wagty barada biraz soňrak habar berler.

Mundan ozal «Formula 1» Tehas Grand Prisini hem geçirýärdi. Şeýlelikde, ýaryş Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bir möwsümde iki gezek düşlär.

 

Türkmenabat-Stambul ýörite uçar gatnawy

 

 

Ýene-de okaň

FIFA-nyň hünärmenleri Aşgabatda okuw-maslahatlaryny geçirýärler

UEFA Çempionlar ligasynyň garaşylmadyk netijeleri

Türkmen futbolçysy Gyrgyzystanyň çempionynyň düzüminde çykyş eder

“Mançester Siti” Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysyny transfer etdi

Senegal Afrika milletler kubogyny gazandy

Los-Anželes 2028 Olimpiýa oýunlarynyň biletleri satylyp başlaýar

Dr.Döwran Orazgylyjov