“Forbes” baý adamlaryň täze sanawyny çap etdi

Amerikanyň “Forbes” neşiri özüniň nobatdaky 35-nji dünýädäki baý adamlarynyň sanawyny çap etdi. Dünýäde baý adamlaryň sanawy 2.755 adama artyp, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 660 sany adam köpelipdir. Olaryň umumy baýlygynyň derejesi 13,1 trillion dollara ýetýär. Soňky sanawa ýene-de 493 sany täze milliarderler goşulypdyr, olaryň 210 sanysy Hytaý we Gonkong döwletlerinden, 98 sanysy bolsa ABŞ-dan bolup durýarlar. Baýlygynyň derejesi 38,2 milliard dollardan ybarat bolan Miriam Adelson, sanawa täze goşulan milliarderleriň sanawynda iň baýy hasaplanyldy. “Bumble” tanyşlyk programmasynyň esaslandyryjysy Witni Wulf Herd dünýädäki iň ýaş zenan milliarder diýip hasaplanyldy.

Sanawyň birinji ornunda eýýäm dört ýyldan bäri eýeläp gelýän “Amazon” kompaniýasynyň esaslandyrjysy Jeff Bezos ýerleşdi. Onuň baýlyk derejesi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 113 milliard dollardan, 177 milliard dollara ýetipdir.

Okap bilersiňiz  Dev AVM için Uluslararası İhale

Ikinji oruny bolsa “Tesla we Space X” kompaniýalaryň esaslandyryjysy Ilon Musk eýeledi. Onuň baýlyk derejesi bolsa 151 milliard dollara barabar bolupdyr. Şol bir wagtyň özünde, bir ýyl öň Musk 24,6 milliard dollar baýlygy bilen 31-nji orunda ýerleşipdir.

Üçünj orunda “Louis Vuitton Moet Hennessy” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bernar Arno ýerleşdi. Onuň baýlyk derejesi 150 milliard dollara ýetipdir. Geçen ýyl Bernar Arno sanawda dördünji orunda ýerleşipdir.

Dördünji orunda 124 milliard dollary bilen “Microsoft” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýts, bäşinji orunda bolsa 97 milliard dollary bilen “Facebook” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Mark Sukerberg eýeläpdirler.

 

Bütindünýä Banky Toparynyň we Halkara Pul Gaznasynyň bilelikdäki wirtual duşuşyklary