TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Festiwala gatnaşyjylara söz berýäris

21-25-nji maý aralygynda geçirilen “Türkmen teatr sungaty” festiwaly uly üstünliklere, şatlyk-şowhuna beslenip, öz işini tamamlady. Bu festiwalyň çäklerinde paýtagtymyzdaky teatrlarda ýurdumyzyň beýleki teatrlaryndan gelen toparlaryň birnäçe sahna oýunlary görkezildi. Biz hem bu festiwalyň ýapylyş dabarasyna gatnaşdyk we dabara gatnaşyjylaryň ýürek buýsançlaryny atavatan-turkmenistan.com saýtynyň okyjylaryna ýetirmegi müwessa bildik.

 

Gülöwser Sopyýewa – “Miras” teleýaýlymynyň gepleşikleri taýýarlaýjysy we alypbaryjysy:

  • Ine, birnäçe günden bäri biziň gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde “Türkmen teatr sungaty” atly festiwaly geçirilýär. Bu festiwala ýurdumyzda hereket edýän 10 sany teatr gatnaşyp, olaryň hemmesem Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren eserlerinden sahna eserlerini sahnalaşdyryp tomaşaçylara getirdiler. Bu festiwalda teatrlaryň ählisem gowy çykyş etdiler. Onda türkmeniň geçmişinden habar berýän sahna eserleri görkezildi. Elbetde, biziň geçmişimiz – taryhymyz her bir türkmeni buýsandyrýar, guwandyrýar. Taryh barada, geçmişimiz barada bilmek biziň her birimiziň borjumyz. Şonuň üçinem biz ähli teatr işgärlerini şu geçirilen festiwal bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Olara uly şowlulyklar, üstünlikler arzuw edýäris.

 

Festiwalyň ýapylyş dabarasynda festiwalda üstünlikli çykyş edenlere birnäçe baýraklar gowşuryldy. Menem olary ýeten derejeleri, alan baýraklary bilen gutlaýaryn. Belläp geçsek, festiwalda iň gowy çykyş eden teatrlaryň bäsleşigi geçirilip, onda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry 3-nji orna, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry 2-nji orna, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatry bolsa 1-nji orna mynasyp boldy. Maňa hem şu festiwala işjeň gatnaşanlygym üçin baýrak mynasyp görüldi. Meniň muňa buýsanjymyň çägi ýok. Ýeri gelende belläp geçsem, men türkmen teatrlaryny çyn ýüregimden söýýärin. Olara hyzmat etmek meniň boýnumyň borjy. Maňa berlen bu baýrak üçin, bildiren ynamlary üçin Türkmenistanyň Medeniýet minsitrligine ähli sahna ussatlaryna minnetdarlyk bildirýärin. Bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza sag bolsun aýdýaryn!

 

         Çary Berdiýew – Türkmenistanyň halk artisti:

  • Bu gün teatr baýramçylygy öz işini tamamlady. Şeýle hem şu gün Aşgabat şäheriniň gününi, “Soňky jaň” dabarasyny hem belläp geçýäris. Ine, biziň baýramlarymyz goşa-goşadan gelýär. Bu gün biz festiwalda tapawutlanan artistlere, kompozitorlara, režissýorlara birnäçe baýraklary gowşurdyk. Olary alan baýraklary bilen gutlaýaryn.Bu ýyl belleýän festiwalymyz has üýtgeşik boldy. Çünki biziň yzymyzdan ösüp kemala gelýän ýaş aristleriň ýerine ýetiren keşplerini görüp, ýüreklerimiz galkyndy. Biziň yzymyzdan teatrymyzyň geljegini ösdürjek täze nesliň gelýändigine begendik. Gahryman Arkadagymyz hem halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek üçin uly mümkinçilikler döredýär. Elbetde, halypa-şägirtlik ýoly bolmasa, ösüş bolmaýar. Biz toplan tejribelerimizi ýaşlar bilen paýlaşýarys, olara öz maslahatlarymyzy berýäris. Şu geçirilýän festiwal hem maslahat alyşmaga ajaýyp mümkinçilik döredip berýär. Menem ýaşlara özlerini kämilleşdirip durmaklaryny maslahat berýärin. Adam hemişe özüni kämilleşdirip gezmeli.

 

Häzirki döwürde biziň işlemegimiz üçin uly mükinçilikler döredilip berilýär. Şunuň ýaly ajaýyp festiwallary geçirmek üçin mümkinçilik döredýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

         Narjan Berdiýewa – Türkmenistanyň at gazanan artisti:

         Şu günler jan Watanymyz Türkmenistanda uly toý, uly baýramçylyk bellenilýär. Biz muňa Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň bize – sungat işgärlerine goýýan sarpasynyň miwesi diýip düşünýäris. Sebäbi olar bize şunuň ýaly baýramçylyklary bellemäge mümkinçilikleri döredip berýärler. Bu mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza biz – sungat işgärleriniň alkyşymyzyň çägi ýok. Çünki biziň arkamyzda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz durka şular ýaly toýlary uly dabaralara besläp geçirmezlik mümkin däl.

Bäş günläp dowam eden bu festiwal biziň ýurdumyzda teatr sungatynyň nähili derejede ösýändigini görkezdi. Festiwalda görkezilen oýunlaryň aglabasy Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplarynyň esasynda döredilen. Ol oýunlaryň hem esasy mazmuny hem ata Watanymyz, Watan goragy, ene topragymyz. Bu oýunlar tomaşaçylaryň ählisinde uly täsirleri galdyrdy diýip aýdyp bileris. Çünki sahnalar tamamlanyndan soň tomaşaçylaryň güýçli el çarpyşmalar arkaly her bir spektakly mähirli garşylamaklary muny aýdyň subut etdi. Biz hem bu oýunlara tolgunman seredip bilmedik. Sebäbi hemme oýunda ýaş artistleriň ýerine ýetiren keşpleri biziň her birimiziň ýüregimizde aýratyn ýer etdi.

Halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmäge mümkinçilik döredip berýändikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris.

Döwletgeldi Annamyradow – Türkmenistanyň halk ýazyjysy:

Bu gün paýtagtymyz Aşgabat şäherinde goşa baýram, goşa toý bellenilýär. Olar hem Aşgabat şäheriniň güni, hem “Soňky jaň” dabarasy geçirilýär. Bular bilen birlikde “Türkmen teatr sungaty” atly festiwal hem geçirildi. Bu gün onuň hem ýapylyş dabarasy uly şatlyk-şowhuna beslenip geçirildi. Men hem Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny, medeniýet we sungat işgärlerini,  bütin türkmen halkyny bu baýramçylyklar bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bu festiwalyň çäklerinde kaşaň teatrlarymyzda ajaýyp spektakllara tomaşa etdik. Bu festiwallaryň aglabasynyň Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan dörän kitaplarynyň esasynda döredilendigi bizi buýsandyrýar. Şeýle hem şol spektakllarda ynsanperwerlik, adamkärçilik duýgulary eriş-argaç bolup geçýär. Çünki teatryň esasy maksady adamlary mähribanlyga, ýürekdeşlige, parahatçylyga, raýdaşlyga çagyrmak bolup durýar. Teatr sungaty – bu halklaryň dostluk köprüsi. Teatr sungaty – bu kalplaryň birligidir. Goý, şunuň ýaly ajaýyp dabaralaryň höwri köp bolsun! Halkymyzyň milli gymmatlyklaryny ösdürmäge ak ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun!

 

Ýazbibi Sapargeldiýewa – Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti:

Biziň ýurdumyzyň ähli künjeginde baýramçylyklar giň gerim bilen dowam edýär. Ine, bu gün hem uly baýramçylyklarymyzyň biri bolan “Türkmen teatr sungaty” atly festiwalyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Biziň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrymyz hem bu festiwala “Nuhuň gämisi” atly spektakly getirdi. Şu wagt biz özümizi şeýle begençli, buýsançly duýýarys. Sebäbi biziň teatrymyz “Nuhuň gämisi” atly spektaklymyz bilen geçirilen bu festiwalda 2-nji orna mynasyp boldy. Bize şunuň ýaly baýramçylyklary gurnap berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize sag bolsun aýdýarys. Goý, ýurdumyz parahat, asmanymyz arassa bolsun!

 

Baýram Kerimow – Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň halk artisti:

Bu gün biziň ýurdumyzda şatlykly, toýly gün. Elbetde, biziň her günümiz toýlara, baýramlara beslenýär. Bu gün bolsa has hem başgaça. Çünki bu gün ähli sungat ussatlary biziň şu ajaýyp teatrymyzda jemlenip, bilelikde sungat baýramçylygyny belleýäris. Bu gün festiwalyň jemleýji dabarasynda festiwalda üstünlikli çykyş eden şägirtlerimize baýraklary gowşurdyk. Olaryň buýsanjy biziň hem buýsanjymyz, elbetde. Bagban öz bagynyň miwesine guwanyşy ýaly, biz hem şu zehinli şägirtlerimize guwanýarys. Elbetde, Gahryman Arkadagymyz ýurt başyna geçen gününden bäri bize ýol görkeziji, halypa bolup dur. Bu buýsanmaly, guwanmaly zat.

Şu ajaýyp baýramçylyklar biziň göwünlerimizi galkyndyryp, ýüzümize şatlyk paýlaýar. Çünki biziň ata-babalarymyzdan gelýän ajaýyp sungatymyz bar. Häzirki wagtda şu sungatymyzy ösdürmek üçin, geljekki nesillere geçirmek üçin döredip berýän mümkinçilikleri üçin ýurt Baştutanymyz Arkadagly Serdarymyza, şeýle hem bize halypalyk göreldesini görkezýän Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýarys!

 

Gülsere Jumaýewa – Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti:

Bu gün “Türkmen teatr sungaty” atly teatr festiwalynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Şu gün şeýle uly şatlyk-şagalaň boldy. Men-ä şu bäş günüň nädip geçenini hem aňşyrmadym. Festiwal başlan gününden bäri goýulýan her bir spektakla tomaşa etdim. Meniň ömrüm teatrda geçen soň şol spektakllary deňeşdirip gördüm. Teatrlarda goýulýan spektakllara tomaşa edip, zehinli dramaturg, režissýor, artist nesliniň ösüp gelýändigine ýürekden buýsandym. Bu gün hem şolary sylaglamak dabarasy geçirildi. Şol sylaglanan artistleriň arasynda öz gyzym – Aýna Jumaýewa hem bar. Men hem ene hökmünde, hem gyzyma halypa hökmünde onuň bu eýelän üstünligine çäksiz begendim.

Elbetde, bu festiwal birnäçe ýyldan bäri geçirilýär. Bu festiwal biziň işimiziň kämilleşmeginde, täze-täze eserleriň döremegine goltgy berýär. Şu festiwaly geçirmek üçin döredip beren mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz minnetdarlygymy bildirýärin!

 

 

 

 

Aýna Jumaýewa – Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, A.S.Puşkin adyndaky rus drama teatrynyň artisti:

21-25-nji maý aralygynda geçirilen “Türkmen teatr sungaty” atly festiwalyna biziň teatrymyz “Ýürek owazy” atly spektaklymyz bilen gatnaşdy. Men şol spektaklda Nury Halmämmedowyň ejesiniň ýaşlyk döwründäki keşbini ýerine ýetirdim. Şu ýerine ýetiren keşbim üçin bu gün meni Hormat haty bilen sylagladylar. Muňa juda begenýän.

Üstümizdäki 2022-nji “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly hem meniň durmuşymda ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Sebäbi şu okuw ýylynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Şeýle hem ýakynda görkezilen 1941-1945-nji ýyllardaky Beýik Watançylyk urşy döwründäki wakalary açyp görkezýän “Gyzyl kürte” filminde baş keşbi – Göwher gelniň keşbini ýerine ýetirdim. Bu film hem görkezilen ilkinji gününden halkymyzyň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy.

Festiwal dowam edýän günlerinde ejem (Gülsere Jumaýewa) bilen ikimiz sahnalarda goýlan ähli spektakllara tomaşa etdik. Şolaryň içinde maňa ýarany Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda goýlan “Türkmeniň ýoly” spektakly boldy.

Şeýle ajaýyp döwürde işlemäge, okamaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýdýaryn!

 

Akjagül Suwhanowa – Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň halk artisti:

Biz şu geçirilen teatr festiwalyna welaýatymyzyň teatrynyň artistleri bilen “Mertler Watany beýgeldýär” spektaklyny getirdik. Beýleki teatrlaryň getiren spektakllary hem türkmeniň taryhyny öwrenmek üçin ajaýyp serişde. Çünki olarda görkezilen wakalar şol döwürdäki wakalary gözümiziň öňüne getirip bilmegimize ýardam edýär.

Men hem getiren spektaklymyzda kiçiräk keşbi – enäniň keşbini ýerine ýetiridim. Şu keşbiň üsti bilen öňki döwürlerde ýaşap geçen ene-mamalarymyzyň Watan bolan belent söýgüsini, mertligini açyp görkezmegi maksat etdik. Elbetde, bu synanyşygymyz hem ýerine düşendir diýip umyt edýäris. Şol keşp üçinem maňa “Kiçi göwrümli keşbi iň gowy ýerine ýetirendigi üçin” diýen baýrak bilen sylagladylar. Munuň üçin hem eminler toparyna we Medeniýet ministrligine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Biziň zähmetimize özüniň serpaýyny ýapýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyzy geçirilen şu festiwalyň üstünlikli jemlenmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

 

Amanbibi Abdyrahmanowa – Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň artisti:

Her ýyl maý aýynyň gelmegi bilen biziň ýüreklerimiz heýjana gelýär. Çünki bu aýda göze paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň ähli sungat ussatlaryny birleşdirýän ajaýyp festiwal geçirilýär. Aýratyn-da, şu ýyl has hem depginli, joşgunly boldy. Şu ýyl 21-nji maýda festiwalyň açylyşy boldy. Festiwal açylan gününden bäri welaýatlardan gelen artistlerimiz, paýtagtymyzdaky teatrlarda zähmet çekýän artistlerimiz biri-birimiziň goýýan oýunlarymyza tomaşa etmäge bardyk, biri-birimiz pikir alyşdyk. Elbetde, her bir teatryň öz “şiresi”, öz ýoly, agramlygy, saldamlygy bar. Olary biri-birinden üstün etmek mümkin däl. Bu aýratynlyklar her bir artist üçin mekdep, sapak bolup durýar.

Ine, festiwalyň çäginde biziň Baş drama teatrymyzda hem “Watan buýsanjy soltan Jelaleddin” atly spektakl goýuldy. Bu spektaklyň edebi esasyny Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow ýazdy. Režissýory bolsa, biziň ýaş režidssýorymyz Eziz Işangulyýew. Maňa hem bu spektaklda Türkan hatynyň keşbini ýerine ýetirmek miýesser etdi. Türkan hatyn taryhda ýaşap geçen beýik zenan şahsyýetleriň biri. Meniň hyýalymda köp ýyllardan bäri şunuň ýaly beýik taryhy şahsyýetiň keşbini ýerine ýetirmek bardy. Şükür, bu hyýalyma hem şu ýyl gowuşdym. Bu spektakly taýýarlaýarkak iň kiçijik keşbi ýerine ýetirijiden tä baş keşbi ýerine ýetirijä çenli režissýorymyz bilen gije-gündiz işledik. Ine, bu gün hem şunça eden zähmetimiz üçin maňa “Zenan keşbini iň oňat ýerine ýetirendigi üçin” baýragyny berdiler. Bu berlen serpaý ýüregimdäki kärime, Watana bolan söýgimi has-da artdyrdy.

Bizi şeýle döwürde işlemäge, döretmäge goldaw, güýç-kuwwat berýän, çeken iň kiçijik zähmetiň üçin hem özüniň Şa serpaýyny berýän hormatly Prezidentimize çäksiz köp sag bolsun aýdýaryn! Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Baýramyňyz we baýraklaryňyz gutly bolsun!

Söhbetdeş bolan we ýazga geçiren  Maksat  Taganow,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň  

žurnalistika hünäriniň talyby.

 

Dubaýdan we Kazandan Türkmenistana bilet nireden almaly?

Ýene-de okaň

Aşgabatda halkara aýdym-saz festiwaly açyldy

Aşgabatda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleri başlandy

Orazgül Gurdowa 70 ýaşady

Ata Watan Eserleri

Teswirle