SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Dubaýdan we Kazandan Türkmenistana bilet nireden almaly?

Ozal habar berşimiz ýaly, “Türkmenistan” awiakompaniýasy şu ýylyň 30-njy maýynda Aşgabat-Dubaý hem-de 1-nji iýunynda Aşgabat-Kazan ugry boýunça adaty halkara uçar gatnawlaryny amala aşyrmagy göz öňünde tutýar.

Bu gatnawlar üçin gidiş biletleri “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň kassalarynda satylyp başlandy.

Ýöne gaýdyş biletlerini nireden satyn almaly diýen sowal ýüze çykyp biler. Bu barada hem degişli bildiriş çap edilipdir.

Şol bildirişde gaýdyş awiabilediňizi üpjün etmek üçin aşakdaky görkezilen ýurtlaryň wekilleri bilen habarlaşyp bilersiňiz hem-de turkmenistanairlines.tm web sahypa arkaly wekilleriň maglumaty bilen tanşyp bilersiňiz.

  1. Birleşen Arap Emirlikleri Abu-Dabi ş.

e-poçta: ticket.mida@gmail.com

Tel: +971502800508

Tel: +971525777762

2. Russiýa Federasiýasy

e-poçta: avia@itmgroup.ru

Tel: +78124599899

Tel: +79119300080

 

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Kazan ugurly uçar gatnawy barada

Ýene-de okaň

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy

Aşgabat-Awaza ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary başlanýar