JEMGYÝET

Eýran Türkmenistan bilen geljek 20 ýyl üçin strategik ylalaşyga gol çekmekçi

Şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleri geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Gol çekişlik dabarasyndan soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlendiler.

“IRNA” habarlar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Prezidenti Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň çuňdygyny belläp geçdi.

Prezident Raisi soňky üç onýyllykda iki ýurduň arasynda gowy gatnaşyklaryň bardygyny we geçen ýyl Aşgabat şäherine bolan saparynda, esasanam tebigy gazyň üstaşyr geçirilmegi we ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň işjeňleşendigini aýtdy.

Goňşy ýurduň Prezidenti Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda ykdysadyýet, söwda, suw we energiýa ugurlarynda has köp hyzmatdaşlyk etmäge giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Prezident Raisi Türkmenistan bilen geljek 20 ýyl üçin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny kesgitleýän ylalaşyga gol çekişmäge ygrarlydygyny aýtdy.

Şeýle hem Seýed Raisi Türkmenistanda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň ýokary baha berdi.

Türkmenistan Prezidenti öz gezeginde Prezident Raisi bilen iki ýurduň arasynda energetika we ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça pikir alşandyklaryny mälim etdi.

Türkmenistan Prezidenti öz gezeginde Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisini Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmaga çagyrdy.

 

Taryhda şu gün: 15-nji iýun

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar