JEMGYÝET

«EXPO 2020 Dubaý» halkara sergisi başlaýar

1-nji oktýabrda Birleşen Arap Emirliklerinde «EXPO 2020 Dubaý» iri halkara sergisi öz işine başlar. Bu abraýly halkara forumyna dünýäniň 190-dan gowrak döwleti bir hatarda Türkmenistan döwletimiz hem gatnaşýar.

Garaşylyşy ýaly, bu halkara sergisine gatnaşmaklyk Türkmenistanyň ýeten sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine görkezmäge, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň maksatlaýyn ösüş maksatnamalary, türkmen halkynyň baý medeni mirasy bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berer, şeýle hem ýerli tehnologiýalary, ylmy işläp taýýarlamalary, harytlary we hyzmatlary daşaky bazarlara çykarmaklygy üpjün eder.

Biziň ýurdumyzyň sergi meýdançasy «Ykjamlyk» mowzuklaýyn bölüminde ýerleşýär. 9-njy oktýabr güni tutuşlygyna Türkmenistanyň ýeten sepgitlerini, şol sanda nebitgaz toplumynyň gazananlaryny görkezmeklige bagyşlanar.

«EXPO 2020» täze aragatnaşyklary ýola goýmaga, dürli ugurlarda tejribe alyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge netijeli meýdança bolup hyzmat eder.

Sergi 2022-nji ýylyň 31-nji martyna çenli hereket eder.

Sergidäki diwarlyklar bilen “expo2020dubai.com” saýty arkaly wirtual ýagdaýda hem tanşyp bolar.

AÅŸgabady wasp etmek bäsleÅŸiginiň ýeňijisi – Atageldi Garýagdyýew

Ýene-de okaň

Türkmenistan Russiýanyň Prezidentiniň rezidensiýasyna edilen hüjümi ýazgardy

“Arkadag” topary Ronaldoly “Al-Nasr” topary bilen bije çekişdi

Ata Watan Eserleri

Astana şäherinde sürüjisiz taksi taslamasy 2026-njy ýylda işe giriziler

Türkmenistan 2026-njy ýyldaky sammitleriň gün tertibine suw meselesini girizmegi maksat edinýär

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň okgunly ösüşine ýokary baha berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon söhbetdeşligi