TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Emeli aňyň peýdalary

Tehnologiýanyň çalt depginlerde ösmegi bilen ähli ugurlarda ýeňillikler döreýär. Dürli tehnologik enjamlar öndürilýär, emeli aň ulgamy ösdürilýär.

Emeli aň ulgamy halk hojalygynda häli pudaklarda özüniň oňyn täsirini ýetirmegine garaşylýar. Şol bir wagtda gadymy golýazmalary aýdyňlaşdyrmak üçin hem emeli aňdan peýdalanmak göz öňünde tutulýar.

Umuman, tehnologiýanyň ösüşi alymlara gadymy taryhy öwrenmek üçin täze mümkinçilikler berýär. Şeýlelikde, “DeepMind” kompaniýasynyň hünärmenleri gadymy grek tekstlerini aýdyňlaşdyrmak üçin emeli aň ulgamyny döretdiler.

Ýüzlerçe ýyllyk resminamalar köplenç zaýalanýar. Ýazuwyň bir bölegi ýitýär, bu köplenç manysyna dogry düşünmäge mümkinçilik bermeýär.

Emeli intellekt bu boşluklary doldurar, şeýle hem artefaktyň geografiki gelip çykyşy barada maslahat berer. Mundan başga-da, ýazylan taryhy ýazgylaryň senesini kesgitläp biler. Bu aýratyn hem möhümdir, sebäbi köp tekst daşa we metala ýazylypdyr.

Täze programma üpjünçiligi “Ithaca” diýlip atlandyryldy. Munuň üçin, oňa 78608 gadymy grek ýazgysy girizildi.

Deslapky synaglara görä, “Ithaca” programmasynyň ýitirilen böleklerdäki harplary dikeltmekdäki takyklygy 62% boldy. Geografiki çeşmäniň kesgitlenmegi, 71% ýagdaýynda takyk boldy. Şeýle hem, programma 30 ýyl ýalňyşlyk bilen tekstiň ýazylan senesini kesgitledi. Alymlar synagyň netijelerini “geljegi uly” hasapladylar.

Jumamyrat Sapardurdyýew, TOHU-nyñ talyby.

 

Çempionlar ligasy: Messi, Neýmar, Mbappe ýaryşdan çykdy

Ýene-de okaň

03-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk jemlendi

Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Teswirle