Emeli aň

 

Aň düşünjesi düşündirmek örän kyn düşünjeleriň biridir.Aň düşünjesini başgaça “intellekt”  adalgasy bilen aňlatmak mümkin . Köp asyrlaryň dowamynda  belli alymlar intellektiň nämedigi hakyndaky ylmy-pelsepewi jedelleri orta atyp gelipdirler. Şeýle jedeller gapma-garşylyklary emele getiren bolsa-da ,olaryň arasynda aýratyn umumylyk bolupdyr,aň ýa-da intellekt   diňe adamzada mahsus bolan aýratynlykdygy hiç üýtgewsizligine galdyrylypdyr .

Kähalatlarda  edebi ýa-da fantastiki eserleri okanymyzda  onda ynsandan başga jandarlaryň ýa-da predmetleriň aňly , düşünjeli bolup bilýänligi , gysgaça aýdanymyzda intellekta eýedigi hakynda gürrüň edilýär .Ýöne ol adyndan belli bolşy ýaly , ýöne bir eser , fantastiki pikir ýöretmeligine galýar .Sokratdan başlap Enşteýne çenli bolan döwürleriň iň görnükli  alymlary  hem aňyň emeli görnüşde bolup biljekdigi barada  hiç hili ylmy pikiri öňe sürmändirler .

Ýöne XX asyra gelip  ýagdaý bütinleý başga görnüşde ösüpdir . Has takygy , adamzat öz hyzmatlary üçin  elektron hasaplaýyş  maşynlaryny –kompýuterleri  döredip başlandan soň , emeli aň hakyndaky pikirlere has içgin aralaşyldy . Adamzat öz eli bilen  döreden aňly maşynlar –kompýuterler, robotlar  we beýleki şuňa meňzeş mehaniki  we tehnologiki  ulgamlar tarapyndan yzygiderli intellektual düşünjeleri  talap edýän  meseleleri  özbaşdak çözmekligi , özi netije çykarmagy  we ýagdaýa görä öz hereketlerini  uýgunlaşdyryp bilmekligi mümkin bolan intellektual ,, häsiýetler” bilen ýüzbe-ýüz geldi .Şol wagt  ilkinji gezek aňyň  ýasama şekili – ýagny “emeli aň” hakyndaky aýgytly pikirler ýüze çykypdy.

Ilki bilen , “emeli aň” düşünjesiniň  özi hakynda gürrüň edeliň . ”Emeli “ sözüniň manysy gelip çykyşy boýunça tebigy däl zady,ýagny, adamyň öz eli bilen  döreden zatlaryny  aňladýar. “Aň” sözüni ýönekeý usul bilen düşündirmek kyn .Sözlüklerde onuň manysy dürli görnüşde aňladylýar,meselem: “aň”- karar kabul edip bilmek  ukyby , düşünmek ukyby  ýaly düşündirişlerden başga-da  “bilmek, göz ýetirmek, deňeşdirmek  ýa-da toplanan tejribeleriň netijesinde täze ýagdaýlara uýgunlaşmak “ ýaly manylarda hem gelýär.Ylmy taýdan  ,,emeli aň “ düşünjesi  ilkinji gezek  1956-njy ýylda  Stenford uniwersitetinde  geçirilen ylmy  maslahatda  iňlisçe  ,,artificial  intelligence”(AI) görnüşde giň ylym köpçüligine ýetirilipdir we şondan soňra bu barada alymlar uly gyzyklanma bildirip başlapdyrlar .

Belläp geçişimiz ýaly , emeli aň  baradaky pikirler  ilkinji EHM –leriň  döremegi bilen başlapdyr .Ýöne taryha ser salanymyzda , intellektual meseleleri çözmekligiň  adamzatdan başga obýektler  tarapyndan  ýerine ýetirilmegi  has ir,  Paskal –Leýbnisler döwründe başlapdyr . Leýbnis  1672-nji ýylda  meşhur golland alymy Gýugensiň ýanyna myhmançylyga barypdyr we onuň gün tertibiniň köp  böleginiň ylmy açyşlaryň matematiki meselelerini çözmeklige harçlanýandygyny  görüp , şeýle ýazgyny galdyrypdyr : ,,Bu şeýle ajaýyp adamlara  gelişmeýän ýagdaý .Ol başgalara , meselem, hasaplaýyş maşynyna tabşyraýmaly ýumşy , edil gullar ýaly özi ýerine ýetirýär …” diýip belleýär .Üns berseňiz ,,gullar ýaly “  diýen jümläni ulanýar .Ol uzyn , göwrüm taýdan uly , çylşyrymly meseleleriň  alymyň köp wagtyny alýandygyny , ony hasaplaýyş maşynyna ynanyp , köp ünsüni ylmy açyşlara  sarplap biljekdigi hakynda oýlanypdyr .Leýbnis tiz wagtdan 1694-nji ýylda ,,arifometr “ diýlip atlandyrylýan  mehaniki hasaplaýyş maşynyny  ylym adamlaryna hödürläpdir.Şonuň netijesinde  Paskal we Leýbnisiň  hasaplaýyş maşyny  ilkinji  emeli aňyň  başlangyçlary hökmünde  taryha giripdir.

Kompýuterleriň  aňa eýe bolmagy hakyndaky  ilkinji ylmy açyşlar  , häzirkizaman informatika ylymlarynyň esaslandyryjysy hasaplanýan  britan fizigi  we matematigi  Týuring bilen baglanşyklydyr.Týuring  emeli aňyň amalyýetde bolup bilmek mümkinçiligini  kesgitlemek üçin  test döredýär .Týuring şeýle belläp geçýär :” Eger kompýuter  özüni ähli taraplaýyn  pikirlenmäge ukyply jandar ýaly alyp barmaga ukyply    bolsa ,  onda ol intellekta eýe bolup biler” diýýär.Mundan başga-da Dip Sýorl  atly pelsepeçi , Týuring testine meňzeş  täze testi köpçülige hödürläpdir .Sýorl we Týuring testleriniň arasynda uzak wagtlap  bäsdeşlik dowam edipdir .Birnäçe wagtdan soň  1976-njy ýylda matematik alymlar  Kennet Appel we Wolfgang Haken  bütin ylym dünýäsi üçin  täzeligi yglan edipdirler .Ýagny , olar dört reňk hakyndaky teoremany  kompýuteriň kömegi bilen  subut etjekdiklerini mälim edipdirler .Olar bu işi  öz döwrüniň öňdebaryjy  elektron hasaplaýyş maşyny bolan IBM 370-160 kompýuterinde ýerine ýetiripdirler . Teoremany subut etmek üçin kompýutere 1200 sagat  ýa-da 50 gün gerek bolupdyr .

Aňyň emeli görnüşi hakyndaky jedelli pikirleriň ösmegine sebäp bolan ýene bir waka  kompýuter bilen ynsanyň arasynda ýokary intellektual oýunlary guramak , has takygy , kompýuter bilen grosmeýstriň  arasynda küşt oýnuny gurnamak pikiri bolupdyr .      1996-njy ýylda dünýä belli grosmeýstr  küşt boýunça dünýä çempiony Garri Kasparow bilen  küşt oýny üçin ýöriteleşdirilen Deep Blue superkompýuteriniň arasynda bäsleşik geçirilýar . Jemi  6 oýnuň 4-sinde  kompýuter ýeňlişe sezewar bolýar (4:2).Garşydaş hökmünde sekuntda 100 million göçümi seljerip , olaryň arasyndan mynasyp göçümi saýlap bilýän kompýuter ýeňilenden soň , soňky iki oýunda  Deep Blue kompýuteriniň  has güýçlendirilen görnüşi , sekuntda 200 million göçümi seljerip bilýän kompýuter bäsleşdirilýär we kompýuter  ýeňiş gazanýar .

Häzirki ösen döwürde bolsa intellektual ulgamlar adamlaryň kyn işlerini aňsatlaşdyrmaga ýakyndan ýardam berýär .Muňa  howa menzillerindäki uçuşlary guramaga kömek edýän  habar beriş-seljeriş ulgamlaryny mysal getirmek  mümkin . Olar ýüze çykýan metereologik ýagdaý , uçaryň uçuş -gonuş tertibi , uzaklyk, tizlik  we beýleki ýüzlerçe  parametrlere umumylaşdyrylan görnüşde gözegçilik edýär we işçä habar berýär . Bulardan başga-da  ýurdumyzyň raýatlary  Türkmenistanyň çägindäki otly we uçar gatnawlary üçin petekleri  elektron görnüşde, hiç bir kynçylyksyz, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp  satyn alyp bilýärler.Bu bolsa  ýurdumyzyň raýatlarynyň wagtyny tygşytlamaga , ýerine ýetirýän işleriniň  alnyp barlyşyny çaltlandyrmaga  kömek edýär.Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden  peýdalanmaklyga ýurdumyzda  döwlet derejesinde aýratyn üns berilýar ,  ähli pudaklarda ornaşdyrylýar we   yzygiderli kämilleşdirilýär.

 

 

                                                          Bagtygül Ernazarowa,

                                             Türkmenistanyň  Inžener-tehniki we ulag

                                            kommunikasiýalary institutynyň talyby

 

New Ýorka gitmezden hem Iňlis dilini öwrenmek mümkün!

 

 

 

 

                                            

ÝENE-DE OKAŇ

Adamlar üzümi iň datly miweleriň biri diýip hasaplaýar. Üzüm süýji we kuwwatlylygy ýokary bolan önümdir. Şonuň üçin adam bedenine oňyn täsirini ýetirýän miweleriň biri-de üzümdir. Üzüm dänesiniň adam bedenindäki dürli zyýanly maddalara garşylyk berijiligine örän baýdygy anyklanyldy. Onuň düzüminde fenol kislotasy, flawonoid ýaly köp sanly birleşmeler bardyr. Şu birleşmeleriň esasynda üzüm däneleri dürli çişmeleriň, okislenmäniň we dokumalaryň bozulmalarynyň öňüni almaga...
Hormatly okyjylarymyz! “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň! Mähriban okyjylar! Doglan senäňize...
Şu gün, ýagny 24-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda iri syýasy-jemgyýetçilik çäre - prezident saýlawlary geçiriler. Özbegistan prezident saýlawlaryny ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirmek üçin taýýar - diýip, ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew habar berdi. Soňky maglumatlara görä, saýlawçylaryň ýeke-täk elektron sanawyna 19 million 859 müň 127 adam goşuldy. Saýlaw uçastoklaryň saýlawçylaryň ses bermegini guramaçylykly geçirmek üçin zerur bolan sanitar-epidemiologik we jemgyýetçilik howpsuzlyk...
Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde ýurdumyzda ýene-de bir iri energetika taslamasy ulanmaga berildi. Milli Liderimiziň gatnaşmagynda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisi ulanylmaga tabşyryldy. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz dabarada eden çykyşynda ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň birinji tapgyry bolan Ahal-Balkan taze elektrik geçiriji ulgamyny dabaraly ýagdaýda...
Şu günlerdäki ýaly, howanyň üýtgeýän sepgit döwründe käbir adamlarda allergiýa ýagdaýlary ýüze çykýar. Bu ýagdaý iýmit önümleri, derman we himiki serişdeler, mör-möjekler, tozan hem-de gülleriň tozanjyklary sebäpli döreýär. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde makala çap edilipdir. Allergiýanyň dowamlylygy birnäçe minutdan birnäçe güne çenli dowam edýär. Esasy alamatlary gözüň ýaşarmagy, bedene örgüniň örmegi, asgyrma, burundan suw akmagy ýaly ýagdaýlardyr. Bedende allergiýa döränden...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
889FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar