TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

“Elektron hökümet hakynda” Türkmenistanyň Kanuny herekete girdi

Şu gün ýurdumyzda “Elektron hökümet hakynda” Türkmenistanyň Kanuny iş ýüzünde hereket girdi. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilen kanunçylyk namasy şu gün ýurdumyzyň resmi metbugatynda çap edildi.

Şu Kanun elektron hökümetiň işiniň tertibini kesgitleýär hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Ýurdumyzda elektron hökümetiň işini düzgünleşdirýän bu kanunçylyk namasy 5 bapdan hem-de 28 maddadan ybaratdyr.

Kanunda umumy düzgünler, elektron hökümetiň işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi, elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, elektron hökümetiň hereket etmegini guramak we jemleýji düzgünler orun alypdyr.

Kanunçylyk namasynda “Elektron hökümetiň döwlet maglumat binýatlaryny döretmegiň, ulanmagyň we saklamagyň tertibi elektron hökümetiň işi babatda ygtyýarly edara tarapyndan işlenip taýýarlanylýar hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar” diýlip bellenilýär.

Şeýle hem  “Elektron döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk Döwlet sanawyny ýöretmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.” diýlip, kanunçylyk namasynda bellenilip geçilýär.

 

“Itçilik we kinologiýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda döwlet saparynda bolar

Burj Halifa Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şekilinde ýalkym saçdy

Türkmenistanyň içeri işler ministrine polisiýanyň polkownigi ýörite ady dakyldy

Teswirle