TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“El Klasiko”: “Real Madrid” ýeňiş gazandy

“Real Madrid” topary Ispaniýanyň “La Liga” milli çempionatynyň 10-njy tapgyrynda “El Klasikoda” “Barselona” toparyny 2-1 hasabynda ýeňdi.

“Kamp Nou” stadionyndaky duşuşygy 86 müň 422 janköýer tomaşa etdi. Duşuşygyň 32-nji minutynda “Real Madrid” hasaby açdy. Dewid Alaba topy tora girizdi: Möwsümiň başynda ispan toparynyň düzümine goşulan 29 ýaşly futbolçy ilkinji “El Klasiko” duşuşygynda ilkinji pökgüni tora girizdi.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda garşydaşynyň derwezine gol geçirmäge synanyşan “Barselona” topary oňat netije görkezip bilmedi.

Duşuşykda “Real Madrid” topary 90+4=nji minutda Lukaw Waskesiň goly bilen 2:0 hasabynda öňe saýlandy.  Kataloniýa kluby Serhio Agüero bilen 90+7-nji minutda geçiren goly bilen hasaby 2:1-e ýetirdi.

“La Liga” çempionatynda 183-nji “El Klasiko” duşuşygy oýnandy. Soňky duşuşyklarda ýeňiş gazanýan “Real Madrid” topary ýeňişli duşuşyklarynyň sanyny 76-a ýetirdi. “Barselonanyň” bolsa 72 duşuşykda ýeňşi bar.

1965-nji ýyldan soňra “Real Madrid” topary yzly-yzyna 4 sany “El Klasikoda” ýeňiş gazandy.

“Real Madrid” toparynyň italiýaly tälimçisi Karlo Ançelotti “Nou Kamp” stadionynda ilkinji ýeňşini baram etdi.

 

Gazagystanyň Prezidentine ahalteke bedewi sowgat berildi

Ýene-de okaň

Katar-2022: Messili Argentina ýarym finalda

Ata Watan Eserleri

Katar-2022: Horwatiýa ilkinji ýarym finalçy

Ispaniýanyň ýygyndysyna täze tälimçi bellendi

Teswirle