Gazagystanyň Prezidentine ahalteke bedewi sowgat berildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew ýurdumyza döwlet sapary bilen geldi.

Iki ýurduň Prezidentleri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardylar. Ol ýerde döwlet ýolbaşçylary ahalteke bedewlerini synladylar hem-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň adyndan Gazagystanyň doganlyk halkyna dost-doganlygyň nyşany hökmünde ajaýyp “Ganatly” atly ahalteke bedewini sowgat berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Bu bolsa, iki ýurduň arasyndaky dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezdiginiň ýene-de bir aýdyň nyşany boldy.

Şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň Prezidenti S.Berdimuhamedow türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan “Böwser” atly ajaýyp aw tazysyny gazak halkyna dost-doganlygyň nyşany hökmünde sowgat gowşurdy.

Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistana sapary dowam edýär. Saparyň çäklerinde 25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew bilen ikitaraplaýyn duşuşygynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky meseleleriniň giň toplumynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Ikitaraplaýyn gepleşikleriň jemleri boýunça özarabähbitli hyzmatdaşlygyň has hem işjeňleşdirilmegine we ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň agramly bukjasyna gol çekilmegi göz öňüne tutulýar.

Gazagystanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi

Gazagystanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Türkmenistana geldi



ÝENE-DE OKAŇ

Braziliýanyň Prezidenti Žair Bolsonaru Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde Russiýada saparda bolar. - Russiýanyň Prezidenti bizi Russiýa çagyrdy. Çakylyk kabul edildi. Meniň üçin bu örän hormatdyr. Bu biziň ýurtlarymyzyň arasynda ähli mümkinçilikleri açýar - diýip, Bolsonaru hepdelik çykyşynda mälim etdi. Braziliýanyň lideriniň aýtmagyna görä, bu saparyň fewral-mart aýlarynda bolmagyna garaşylýar. Bolsanaru köp sanly ministrler bu...
Energetika ministrliginiň binasynda sanly ulgam arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki dostlukly ýurduň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine bar bolan döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem-de Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy...
Angliýada koronawirus pandemiýasyna garşy sanjymlaryň ýedisinde geçirilen barlaglar üçünji sanjym babatynda «Pfizer» we «Modernanyň» has netijelidigini ýüze çykardy. Şeýlelikde, üçünji sanjymlar babatynda ilkinji synaglar hem tamamlandy. Aslynda, iňlis hökümeti üçünji sanjym üçin, hut, şu iki sanjymy saýlap aldy. Olaryň urulmagy bilen bedeniň kesele garşy göreşijiligi has güýçlenýär. Geçirilen deslapky barlaglar üçünji sanjymyň keseliň täze ştammy bolan «Omikron» görnüşiniň öňüni almakda hem...
1992-nji ýylyň 3-nji dekabrynda aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşiniň taryhynda möhüm tapgyra öwrülen bir waka bolup geçdi. Ýagny, bu gün dünýäde ilkinji SMS iberildi. Gysga tekst habarlaryny ibermegiň has giňden ýaýramagy, bu wakanyň öýjükli aragatnaşygyň taryhynda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny tassyklaýar. Şeýle hyzmaty döretmek pikiri bolsa, 1980-nji ýyllaryň ortalarynda, GSM standartyny döretmek boýunça işler alnyp barylanda ýüze çykypdyr. Taslamanyň çäginde Ýewropaly...
Dil-aragatnaşyk serişdesidir. Sözleýiş hakykaty şöhlelendirmegiň  adama mahsus bolan görnüşidir. Dil we sözleýiş aň we pikirlenme bilen gönüden göni baglanyşykly bolup, pikirlenmäni beýan edýär. Çaganyň dil öwrenýän wagty-mekdebe çenli ýaşly döwrüne gabat gelýär. Çaga 5-6 ýaşy dolýança öz ene dilinde arkaýýyn geplemegi, öz pikirini aýdyň beýan etmegi çagany terbiýelemekdäki möhüm meseleleriniň biridir. Çaganyň ene dilindäki sesleri dogry aýtmagy, sözleri we...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
907FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar