Durmuşymyzy döwrebaplaşdyran 5 sanly tehnologiýa

Biziň durmuşymyzy düýbünden döwrebaplaşdyrmagy başaran sanly tehnologiýalar az däl. Ýöne olaryň içinde häzirki wagtda has köp ýaýran bäş sanysynyň haýsylardygyny bilmek ählimiz üçin gyzykly bolsa gerek. Eýsem olar haýsylar? Geliň, olar bilen tanyş bolalyň.

Olaryň birinjisi, elbetde internet. Internet 20-nji asyrda döräp, şol döwürden bäri onuň gerimi has giňelip şu günki derejesine gelip ýetdi. Eýsem, internet näme? Internet dünýä boýunça özara birikdirilen kompýuterleriň ulgamy bolup, bu tora birikdirilen kompýuterleriň kömegi bilen ulanyjylar dürli maglumatlary alyp bilýärler. Bu tora näçe kompýuteriň birikdirilendigini hiç kim anyk aýdyp bilmeýär. Emma käbir maglumatlara görä 5000-e golaý ownuk torlar iki milliondan  gowrak  kompýuterleri  internete birikdirýär. Bu sanyň takyklygy barada hiç zat aýdyp bolmaz. Sebäbi häzir  internet  ulgamyna  birikdirilýän kompýuterleriň sany ýyl-ýyldan artýar.

Bilşimiz ýaly, internetde köpdürli  peýdaly maglumatlar  bar. Mysal üçin howa  maglumatlary, täzelikler, kino,  gazet-žurnallaryň  elektron  görnüşleri, elektron kitaplar, söwda harytlaryň görnüşleri we bahalary, syýasat, edebiýat, aýdym we beýlekiler bar. Emma internetde peýdasyz  maglumatlar hem  az däl. Interneti peýdaly ýa-da zyýanly taraplara ulanyp bilmek biziň özümize bagly.

Internet 1969-njy  ýylda  döredildi  diýseň  hem  bolýar.  Ýagny şol  ýylda Amerikanyň    Birleşen  Ştatlarynyň  Goranmak  ministrliginiň  ARPA gullugy  tarapyndan  goranmak  senagatynyň  ylmy-barlag guramalarynyň arasynda aragatnaşygy üpjün etmek üçin tor döredildi.

Ilkibaşda tor 17 kompýutreden ybarat bolup, “ARPANet” diýip atlandyryldy. 1972-nji ýylda Elektron poçta (E-mail)döredildi. Eýýäm 1976-njy ýylda toruň habarlar gullugy Usent peýda boldy. 1990-njy  ýylda  ARPANet  tory  ýapylýar  we  onuň ýerine internet peýda bolýar. Soňra World  Wide  Web – bütindünýä  maglumatlar  kerebiniň düýbi tutuldy.

Personal kompýuterler. XIX asyryň 70-nji ýyllarynyň ahyrynda ilkinji personal kompýuteri döredilýär. Ilkinji personal kompýuteriň bahasy 500 dollar bolupdyr. Şol ýyllardan başlap personal kompýuterleriň köpçülige hödürlenmegi netijesinde ilkinji döredilen äpet kompýuterlere bolan isleg azalýar. 80-nji ýyllarda IBM (International Business Machines Corparation) kompaniýasy özüniň ilkinji IBM PC personal kompýuterini döredýär. Personal kompýuterleriň bu görnüşi tiz aradan köpçülik arasynda uly meşhurlyga eýe bolýar. 1983-nji ýylda Apple Computers korporasiýasy syçanjyk bilen dolandyrylýan “Lisa” atly  ilkinji personal kompýuteri işläp düzýär. Häzirki wagtda personal kompýuterleri özüniň köp işleri ýerine ýetirijilik we ulanmaga amatly häsiýetleri bilen biziň durmuşymyzda uly orun eýeleýär.

Smartfonlar. Smartfon “smart” we “phone” diýen iňlis sözleriniň birikmeginden gelip  çykyp“akylly telefon” diýen manyny berýär. Ilkinji smartfonlar uly we agyr bolupdyr. Munuň üstesine olaryň bahasy 1000 dollara çenli ýetipdir. Wagtyň geçmegi bilen smartfonlaryň görnüşleri kämilleşip häzirki görnüşine gelip ýetipdir. Häzirki wagtda dünýä belli smartfon öndürýän kärhanalar köpeldi. Olaryň täze döredýän smartfonlarynyň gurluşy, ýady we daşky görnüşi hem döwrebaplaşdy. “Samsung”, “Huawei”, “Apple” kompaniýalary smartfon öndürmekde dünýäde  öňdeligi eýeleýär.

WI-Fi. Wi-Fi “Wireless Fidelity” atly söz düzüminiň gysgaldylan görnüşi bolup, ol “simsiz takyklyk” diýen manyny aňladýar. Häzirki döwürde dünýä ýüzünde giňden peýdalanylýan we bir wagtda birnäçe adamlaryň peýdalanyp bilmeklerine mümkinçilik berýän Wi-Fi ulgamyny hem 20-nji asyrda döredilýär.

Sosial torlar. Sosial tor internet jemgyýetiniň bir bölegi bolup durýar. Sosial torlaryň käbir görnüşleri 90-njy ýyllarda peýda bolýar. Bir sosial tora millionlarça kompýuterleri birikdirip bolýar. Häzirki wagtda sosial torlaryň birnäçe görnüşleri bar.

Şu 5 sany sanly tehnologiýanyň ähmiýeti örän ýokary hasaplanýar. Olaryň haýsy hem bolsa, birini ýok diýip göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Elbetde, sanly tehnologiýalar döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Sebäbi biz sanly ulgamyň ornaşdyrylan we bu işiň barha ösdürilýän jemgyýetinde ýaşaýarys.

(Internet maglumatlaryndan peýdalanyldy)

Aýlar ATAJYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby

Ýaponiýanyň Ilçisi bilen duşuşyk

 

ÝENE-DE OKAŇ

Adamlar üzümi iň datly miweleriň biri diýip hasaplaýar. Üzüm süýji we kuwwatlylygy ýokary bolan önümdir. Şonuň üçin adam bedenine oňyn täsirini ýetirýän miweleriň biri-de üzümdir. Üzüm dänesiniň adam bedenindäki dürli zyýanly maddalara garşylyk berijiligine örän baýdygy anyklanyldy. Onuň düzüminde fenol kislotasy, flawonoid ýaly köp sanly birleşmeler bardyr. Şu birleşmeleriň esasynda üzüm däneleri dürli çişmeleriň, okislenmäniň we dokumalaryň bozulmalarynyň öňüni almaga...
Hormatly okyjylarymyz! “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň! Mähriban okyjylar! Doglan senäňize...
Şu gün, ýagny 24-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda iri syýasy-jemgyýetçilik çäre - prezident saýlawlary geçiriler. Özbegistan prezident saýlawlaryny ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirmek üçin taýýar - diýip, ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew habar berdi. Soňky maglumatlara görä, saýlawçylaryň ýeke-täk elektron sanawyna 19 million 859 müň 127 adam goşuldy. Saýlaw uçastoklaryň saýlawçylaryň ses bermegini guramaçylykly geçirmek üçin zerur bolan sanitar-epidemiologik we jemgyýetçilik howpsuzlyk...
Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde ýurdumyzda ýene-de bir iri energetika taslamasy ulanmaga berildi. Milli Liderimiziň gatnaşmagynda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisi ulanylmaga tabşyryldy. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz dabarada eden çykyşynda ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň birinji tapgyry bolan Ahal-Balkan taze elektrik geçiriji ulgamyny dabaraly ýagdaýda...
Şu günlerdäki ýaly, howanyň üýtgeýän sepgit döwründe käbir adamlarda allergiýa ýagdaýlary ýüze çykýar. Bu ýagdaý iýmit önümleri, derman we himiki serişdeler, mör-möjekler, tozan hem-de gülleriň tozanjyklary sebäpli döreýär. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde makala çap edilipdir. Allergiýanyň dowamlylygy birnäçe minutdan birnäçe güne çenli dowam edýär. Esasy alamatlary gözüň ýaşarmagy, bedene örgüniň örmegi, asgyrma, burundan suw akmagy ýaly ýagdaýlardyr. Bedende allergiýa döränden...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
889FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar